SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

  • şu gün 12:35
  • 432

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä taryhyndaky iň uly we rekord derejeli IPO boldy.

Onuň çäginde her biriniň bahasy 135 dollar bolan jemi 555,6 million sany adaty paýnama ýerleşdirildi we munuň hasabyna 75 milliard dollar serişde toplanyldy. Şeýlelikde, resmi taýdan Space Exploration Technologies Corp. diýlip atlandyrylýan kompaniýanyň umumy gymmaty 1,77 trillion dollar diýlip bahalandyryldy.

Mundan ozalky maliýe rekordy Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet nebit-gaz kompaniýasyna degişlidi. Ol 2019-njy ýylda birža çykyp, 29,4 mlrd dollar çekipdi.

Maliýe bazarynyň analitikleri kompaniýanyň birža çykyşyna gutarnykly baha bermekden entek irdigini aýdýar.

«Hakyky synag — geljekki birnäçe hepdede bazaryň bu IPO-ny nähili kabul etjekdigi we özleşdirjekdigi bolar» – diýip, Nýu-Ýorkuň 50 Park Investments kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Adam Sarhan belledi.

SpaceX kompaniýasynyň paýnamalarynyň resmi söwdalary şu gün, 12-nji iýunda Nasdaq biržasynda SPCX tikeri astynda başlar.


şu gün 13:09
680

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......