Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip, Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtika kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň iýunynaky 650 milliard dollarlyk rekordyny yzda galdyrdy.
Iň öňdebaryjy çipleri öndürmek üçin TSMC, Samsung we Intel ýaly ägirtler tarapyndan ulanylýan EUV skanerleriniň dünýäde ýeke-täk öndürijisi bolan ASML-iň gymmaty JPMorgan we Morgan Stanley banklarynyň barlag netijelerinden soň has-da ýokarlandy. Banklaryň berýän maglumatyna görä, kompaniýa bazaryň çak edýäninden has köp mukdarda skaner öndürmäge ukyplydyr. Iki bank hem şol bir günde ASML-iň paýnamalarynyň geljekki nyrh çaklamalaryny ýokarlandyrdy: JPMorgan ony 1515 ýewrodan 1900 ýewro, Morgan Stanley bolsa 1400 ýewrodan 1660 ýewro galdyrdy.
JPMorgan bankynyň analitigi Sandip Deşpande ASML kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmezden, 110-dan gowrak Low-NA skanerleri üpjün etmäge ukyplydygyny aýtdy. Bu görkeziji maýadarlaryň ozal iň ýokary çäk hökmünde görkezen 90 sany skanerinden we kompaniýanyň özüniň gysga möhletli önümçilik görkezijilerinden has ýokarydyr.
EUV skanerleriniň öndürilmegi ýarymgeçirijiler pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir, sebäbi iň döwrebap çipleriň üpjünçiligi gönüden-göni şu enjamlara bagly.
Gyzykly tarapy, ASML-iň bu rekord kapitalizasiýasy onuň esasy müşderileri bolup durýan tehnologiýa kompaniýalarynyň bahalary bilen deňeşdirilende has pesdir. ASML-iň bazar bahasy häzir hem 1 trillion dollarlyk çäkden pesde durýar, birnäçe amerikan çip öndürijileri bolsa şu ýyl bu sepgitden geçmegi başardy. Mundan başga-da, ASML-iň paýnamalarynyň ýyl boýunça 50% ýokarlanmagy umumy ýarymgeçirijiler pudagynyň görkezijilerinden biraz yza galýar. Şeýle-de bolsa, ASML öz bazar gymmaty boýunça häzire çenli tehnologiýa pudagynda Ýewropanyň lideri bolan Germaniýanyň SAP kompaniýasyndan öňe geçmegi başardy.