Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler.
Bu modeli işläp düzmek işleri tas iki ýyla golaý wagt aldy. Onuň daşky keşbini Ferrari-niň dizaýnerleri taýýarladylar. Noutbukda reňki awtoöndürijiniň özboluşly reňk aýratynlygyndan ugur alnan metal gyzyl korpus, gurluşynda karbon süýümi we «Gorilla Glass» gorag aýnasy ulanyldy. Aýnadan ýasalan aşaky paneliň üsti bilen enjamyň sowadyş ulgamy görünýär, noutbuk açylanda bolsa ekranda «Ferrari-niň» özboluşly grafikasy peýda bolýar.
Topluma Poltrona Frau brendinden deri daşlyk hem girýär. Ol «Ferrari» awtomobilleriniň içki bezeginde ulanylýan italýan derisinden taýýarlanan. Sensor paneli bolsa doly diýen ýaly gizlengi we diňe klawiaturanyň aşagyndaky inçe ýagtylandyryjy çyzyk arkaly bildirýär.
Noutbuga «Intel Core Ultra X7 358H» prosessory, 64 GB operatiw ýady we 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan, 3K durulygyndaky 14 dýuýmly sensorly OLED-displeýi hem ornaşdyrylan. Onuň emeli aň wezipelerini ýerine ýetirmeli öndürijilik ukyby 180 TOPS derejesine ýetýär.
Söwdalar 12-nji iýunda başlar. ABŞ-dan başga-da, bu önümiň Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Şweýsariýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlara ugradylmagy meýilleşdirilýär.
Täze noutbuklaryň bahasy 5599 dollar bolar.