Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

  • 08.06.2026 13:03
  • 3.3k+

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin önümçilik tapgyry boýunça rekord derejedir.

«A320ceo» we «A320neo» modelleri üçin umumy sargytlaryň sany 20 169 uçara ýetdi. Munuň özi konserniň ýene onlarýa ýyllyk önümçiligini üpjün etdi. Sargytlaryň bu derejede artmagyna China Southern Airlines, Xiamen Airlines awiakompaniýalaryndan we näbelli müşderiden gelen sargytlar sebäp boldy.

Bu tapgyr üçin iň esasy bolmagynda galýan «A321neo» modeli üçin 7739 sany sargyt alyndy. Konsern entek «A320neo» maşgalasyna degişli ýene 7500-e golaý uçary-da gowşurmaly. Hatda her aýda 60 töweregi uçary öndürmek bilen hem, bu sargytlaryň mukdary önümçiligiň uzak ýyllar durnukly işlemegine kepil geçýär.

1981-nji ýylda «Air France» bilen baglaşylan ylalaşyk arkaly başlanan «A320» maksatnamasy, eýýäm köp wagtdan bäri raýat awiasiýasynyň taryhyndaky iň iri taslama öwrüldi.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......