Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri ýazýar.
Pes profilli model gündelik geýmäge niýetlenen bolup, ultra-inçe podoşwasy bilen tapawutlanýar. Krossowkalar zamşadan ýasalyp, gara we adidas-yň firmalaýyn gök reňkinde elýeterli bolar.
Täze önümiň esasy aýratynlygy adaty bagjygyň ýerine magnit bagjygyň ulanylmagydyr. Döredijileriň pikiriçe, bu çözgüt hereket erkinligini we hiç hili päsgelçiligiň ýokdugy baradaky pikiri alamatlandyrýar.
Farrell Uilýams tarapyndan döredilen «Virginia Vario Flat Earther Suede» krossowkalary eýýäm «adidas» meýdançalarynda we aýratyn dilerlerde satylýar.