Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

  • düýn 21:59
  • 921

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi.

Newzoo seljeriş kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, ulgamyň umumy girdejisi 201,6 milliard dollara ýetdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 9,1%) köpdür.

​Iň ýokary ösüş depginini kompýuter (PK) oýunlarynyň bazary görkezdi. Onuň girdejisi 12% ýokarlanyp, 43,6 milliard dollara ýetdi. Seljerijiler bu ösüşiň aýratyn bir sany uly taslamalaryň hasabyna däl-de, eýsem köp sanly premium derejeli täze oýunlaryň çykarylmagy netijesinde üpjün edilendigini belleýärler.

​Mobil oýunlar pudagy ulgamyň iň uly bölegi bolmagynda galdy. Onuň göwrümi 113,3 milliard dollara deň bolup, öňki ýylyň gysyndan 10,7% köp boldy. Şunlukda, oýunlary ýüklemeleriň sanynyň azalmagyna garamazdan girdejiler ýokarlanmagyny dowam etdirdi.

​Konsol oýunlarynyň bazary 2,8% ösüş görkezip, 44,7 milliard dollar girdeji getirdi. Bu bölegiň ösmegine doly göwrümli oýunlaryň satylmagy we abunalyk gulluklary goldaw berdi. Şol bir wagtda, hyzmat görnüşindäki oýunlardan gelýän girdejileriň azalmagy we «Nintendo» ekoulgamynyň biraz pes görkezijileri umumy netijä bökdençlik döretdi.

​«Counter-Strike 2» we «Roblox» oýunlarynyň meşhurlugy netijesinde, oýunçylaryň kompýuter oýunlarynyň içindäki satyn almalara sarp eden pullary 9,1% ýokarlandy. Konsol böleginde bolsa bu görkeziji 4,6% peseldi, seljerijiler muny «Fortnite» we «Call of Duty» oýunlarynyň märekesiniň işjeňliginiň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

​Ösüş dünýäniň ähli sebitlerinde hasaba alyndy. Aziýa-Ýuwaş umman sebiti dünýä girdejisiniň 47%-ini eýeläp, iň uly bazar bolmagynda galýar. Newzoo kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2028-nji ýyla çenli dünýäniň oýun pudagynyň göwrümi 234,4 milliard dollara ýetip biler.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
961

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......