Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

  • şu gün 11:29
  • 713

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy.

Bu model uglerod süýümli rama we 111 Nm aýlaw güýje hem-de 850 W iň ýokary kuwwata eýe bolan, kompaniýanyň öz öndüren «S-Works 3.1» hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Elektrik welosipedi 840 Wt·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilip, öndürijiniň maglumatyna görä, ol bir gezeklik zarýadda 4,4 sagada çenli sürmäge mümkinçilik berýär.

Welosipediň esasy aýratynlyklary:

Amortizatorlar: 160 mm ýörişli «FOX 38 Factory» öňky wilka we «FOX Float X Factory» yzky amortizator.

Transmissiýa (geçirijiler ulgamy): «SRAM XX Eagle T-Type AXS».

Tormozlar: Dört porşenli «SRAM Maven Ultimate».

Dolandyryş paneli: 2,2 dýuýmlyk displeý.

Mundan başga-da, enjam birnäçe iş tertipleri bolan akylly zarýad beriji, kompaniýanyň ýörite ykjam goşundysy bilen üpjün edilip, «Apple Find My» hyzmaty bilen utgaşdyrylandyr.

Agramy takmynan 27,2 kg-a barabar welosipedi gyzyl reňkde sargyt edip bolýar.


şu gün 11:16
186

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

şu gün 09:59
382

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.4k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....