Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

  • düýn 20:19
  • 5.2k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary başdan geçirýändigini tassyklady. Bu beýanat Argentinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde futbolçynyň kakasynyň ölümi barada nädogry maglumatlaryň ýaýrap başlamagynyň netijesinde berildi.

Horhe Messiniň ýakynlary häzirki wagtda onuň lukmanlaryň gözegçiligindedigini we saglygynyň gowulaşýandygyny nygtady. Messiniň maşgalasy jemgyýetçiligi we metbugaty goýlan diagnoz bilen bagly ýalan gürrüňleri ýaýratmagy bes etmäge çagyrdy.

«Şeýle pursatlarda biz jogapkärçilik, sabyrlylyk we adamkärçilik görkezilmegini soraýarys. Adamyň saglygy we onuň ýakynlarynyň göwün rahatlygy metbugat tarapyndan myş-myşlaryň ýa-da jogapkärçiliksiz gyzyklanmalaryň obýektine öwrülmeli däldir» – diýlip, beýanatda aýdylýar.

Horheniň garyndaşlary diňe iň ýakyn adamlarda takyk maglumatlaryň bardygyny belläp, diňe maşgalanyň resmi çeşmelerinden gelýän habarlara ynanmaga çagyrdy we islendik üýtgeşmeler barada habar bermegi wada berdi.

Horhe Messiniň ýagdaýynyň agyrdygy baradaky gürrüňler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň Alžire garşy geçiren we 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan ilkinji oýnundan soň has-da güýçlendi. 38 ýaşly kapitanyň bu duşuşykda het-trik etmegine garamazdan, ol birinji goldan soň göni meýdançada aglap başlapdy.

Oýundan soňky interwýuda Messi özüniň emosional ýagdaýynyň durmuşyndaky agyr şahsy ýagdaý bilen baglydygyny tassyklady.

«Men kyn günleri başdan geçirýärin. Munuň futbol bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Gözýaşlar asla futbol bilen bagly däl. Men birnäçe aňsat bolmadyk günleri başdan geçirdim. Ýöne milli ýygyndynyň ähli wekillerine we topardaşlaryma minnetdar, çünki olar elmydama meniň ýanymda boldy, maňa güýç berdi we bu zatlaryň hötdesinden gelmäge kömek etdi» – diýip, BBC futbolçynyň sözlerini getirýär.

Mundan ozal Horhe Messiniň ölümi baradaky ýalan maglumaty Argentinanyň «Luzu TV» teleýaýlymynyň alypbaryjysy Florensiýa Penýa göni ýaýlymda habar beripdi. Ol hatda Messiniň ýaryş wagtynda milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini wagtlaýyn terk etmeli bolmagynyň hem mümkindigini aýdypdy. Soňra ol Lioneliň maşgalasyndan ötünç sorady we ýaýlym wagtynda bu maglumaty programmanyň redaktorlaryndan içki aragatnaşyk arkaly alandygyny gürrüň berdi. Alypbaryjy özüne bu maglumatyň barlanandygy barada aýdylandygyny we kärdeşlerine ynanandygyny belledi. Şondan soň ol işinden boşadyldy.

Horhe Messi «Altyn topuň» sekiz gezek eýesiniň durmuşynda we karýerasynda örän möhüm şahsyýetdir. Ol ogluny futbola getirip, çagalygynda ony «Barselona» klubuna synaglara äkidipdi we Lioneliň bütin karýerasynyň dowamynda diýen ýaly onuň agenti hem-de biznes-menejeri wezipelerini ýerine ýetirdi. Hut Horhe Messi-uly soňky ýyllarda hüjümçiniň ähli esasy transferleri, şol sanda «PSŽ» we «Inter Maýami» klublaryna geçişleri boýunça gepleşikleri dolulygyna alyp barypdy.


18.05.2026 14:49
4.1k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

13.11.2024 12:32
12k+

Internetde ähli döwürleriň iň tanymal şahsyýetini saýlaýarlar. Siz hem ses beriň!

List Challenges portaly iň tanymal şahsyýetleriň reýtingini hödürledi. Reýting dünýä belli aktýorlar, alypbaryjylar, futbolçylar we syýasatçylar ýaly dürli döwrüň iň meşhur adamlaryny öz içine aldy. Sanawda birinji...

23.08.2024 16:46
19k+

Ronaldunyň YouTube kanaly birnäçe sagatda million ulanyjyny çekip, Messiden öňe geçdi

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu YouTube-da öz kanalyny açdy we ulanyjylary çekmegiň tizligi boýunça birbada birnäçe rekord goýdy. 39 ýaşly Ronaldunyň kanalyna bary-ýogy 20 minutda ilkinji 100 müň ulanyjy...