Ronaldunyň YouTube kanaly birnäçe sagatda million ulanyjyny çekip, Messiden öňe geçdi

  • 23.08.2024 16:46
  • 19k+

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu YouTube-da öz kanalyny açdy we ulanyjylary çekmegiň tizligi boýunça birbada birnäçe rekord goýdy. 39 ýaşly Ronaldunyň kanalyna bary-ýogy 20 minutda ilkinji 100 müň ulanyjy ýazyldy, bu hem britaniýaly topar Sidemen-iň 55 minut bolan öňki rekordyny täzeledi diýip, OneFootball ýazýar.

Şeýle-de, Ronaldunyň kanaly 1 million ulanyjy görkezijisine ýetmegiň tizligi boýunça-da rekord eýesi boldy – munuň üçin oňa bary-ýogy 90 minut gerek boldy diýip, The Telegraph ýazýar. Günüň ahyryna çenli kanala ýazylan ulanyjylaryň sany 5,9 milliona ýetdi we bu bir günde hyzmat üçin absolýut rekord boldy.
Deňeşdirmek üçin, Lionel Messiniň 2006-njy ýylda açylan kanalyna 2,2 million ulanyjy ýazylan. Ronaldu bu görkezijiden kanal açylandan soň bary-ýogy iki sagadyň dowamynda öňe geçdi.


16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

14.06.2026 14:07
3.8k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....