Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

  • düýn 10:46
  • 2.6k+

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň etnomedeniýet ugrundaky Dünýä rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.

Çäre Abaý sebitinde, gazaklaryň gadymy aýdym-saz sungatyny daşary ýurtlarda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Sazanda ähli eserlerini notasyz, ýazgysyz, fonogrammasyz we öz saz guralynda saz çalmak arkaly utgaşdyryp ýerine ýetirdi.

Düzgüne görä, her 25 aýdymdan soň 15 minutlyk dynç alyş göz öňünde tutulsa-da, ýerine ýetiriji dynç almakdan ýüz öwürdi. Rekordyň hasaba alynmagynyň netijeleri boýunça Kaýrat Kabyşewe resmi şahadatnama we kümüş medal gowşuryldy.

Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň Dünýä rekordlar kitabynyň 2026-njy ýyldaky neşirine giriziler.


11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....