FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

  • 08.06.2026 16:29
  • 4.2k+

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi.

Albom LiSA, Anitta we Rema tarapyndan ýerine ýetirilen «Goals», Future we Tyla-nyň «Game Time», şeýle hem Jessi Reýes we Elyananyň «Illuminate» aýdymlary bilen açylýar.

Treklere «The Rolling Stones» toparynyň «In the Stars» aýdymynyň remiksi, Stormzy, Fridayy we Angeliň «Blessings» kompozisiýasy, şeýle hem Şakiranyň Burna Boy bilen bilelikde ýazan «Dai» aýdymy hem goşuldy.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň aýtmagyna görä, albom ýakynlaşyp gelýän ýaryşyň möçberini we medeni dürlüligini şöhlelendirip, dürli nesilleriň, žanrlaryň we ýurtlaryň sazandalaryny birleşdirýär.

Ýygyndydaky kompozisiýalar Meksikada, Kanadada we ABŞ-da ýaryşdan öňki çäreleriň dowamynda, şeýle hem dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda ýaňlanar.

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryş 11-nji iýunda başlanar, açylyş oýny bolsa Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda bolar.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......