DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

  • düýn 22:53
  • 1.6k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi.

Bu waka agramsyzlyk ýagdaýynyň topuň fizikasyna we onuň içinde gurnalan innowasion datçikleriň işine nähili täsir edýändigini öwrenmek boýunça ylmy tejribäniň çäklerinde amala aşyryldy. HKS-iň ekipažy topuň deňagramlylygynyň onuň mikrograwitasiýadaky hereketine täsirini görkezmek üçin 2019-njy ýyldaky SpaceX CRS-18 missiýasynyň tejribelerini täze top bilen gaýtalady.

Ylmy barlagyň esasy maksady — topuň içindäki massanyň paýlanyşynyň onuň aýlanma tizligine, yrgyldylaryna, traýektoriýasyna hem-de uçuş durnuklylygyna nähili täsir edýändigini anyklamakdan ybaratdy. NASA-nyň bellemegine görä, inženerler toplaryň öňünden çaklap boljak görnüşde hereket etmegini üpjün etmek üçin olaryň massa merkezine we deňagramlylygyna aýratyn üns berýär.

Kosmosdaky barlaglar topuň içine gurnalan häzirkizaman tehnologiýalaryň, aýratynam, datçikleriň oýun wagtynda onuň özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigine has gowy düşünmäge ýardam edýär.

«Nature» žurnalynyň maglumatlaryna görä, Trionda dünýä çempionatynyň taryhynda iň ýokary tehnologiýaly toplaryň biri boldy. Onuň içinde 500 Gs ýygylykly inersial ölçeg datçigi (IMU) ýerleşdirilip, ol VAR ulgamyna topuň ýagdaýy, tizligi we aýlanyşy baradaky maglumatlary göni geçirýär, şeýle-de topa deglen pursaty takyk hasaba alýar.

Ispan dilindäki «üç tolkun» diýen sözden gelip çykan «Trionda» ady ýaryşy bilelikde guraýan üç ýurdy — ABŞ-ny, Kanadany we Meksikany alamatlandyrýar. Top gyzyl-ýaşyl-gök reňklerde ýasalyp, onuň üstünde kerkaw ýapragy (Kanada), bürgüt (Meksika) we ýyldyz (ABŞ) şekillendirilendir.


21.06.2026 23:59
1.7k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

28.05.2026 19:36
13k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....