2.5k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

5.7k+

Le Monde: Janni Infantinonyň FIFA-daky aýlygy 10 ýylda dört esse artdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň bu wezipede işlän döwründe alýan girdejisi dört esse ýokarlandy. Bu barada Fransiýanyň meşhur Le Monde neşiri habar berýär. Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, futbol wekiliniň girdejisi ýyllar boýy şu görnüşde üýtgedi: 2016-njy ýyl: 1,28 million ýewro (Prezidentlik wezipesine saýlanan ilkinji ýyly)...

6.3k+

DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar

Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi...

5k+

FIFA TikTok bilen şertnama baglaşdy we awtorlara DÇ-2026-yny şöhlelendirmäge giň mümkinçilik berdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) TikTok-y 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe sosial ulgamlarda wideokontent ýerleşdirmek üçin birinji «esasy platforma» diýip yglan etdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga we ýaryşy şöhlelendirmegiň netijesinde ony dünýädäki janköýerler üçin has elýeterli etmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi...

8.5k+

FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär...

7.2k+

FIFA ýylyň iň gowy futbolçylary üçin täze baýrak döretdi

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) iň gowy futbolçylar üçin täze baýragyň döredilendigini yglan etdi. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu baýrak ýylyň ahyrynda Dubaýyň sport geňeşi bilen bilelikde gowşurylar...

10k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi...

2.9k+

FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Netflix striming platformasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli täze futbol simulýatoryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi...