FIFA Meksikanyň «Leonyny» Klublaýyn dünýä çempionatyndan çykardy

  • 22.03.2025 18:17
  • 4.8k+

Meksikanyň «Leon» futbol kluby 2025-nji ýylda geçiriljek klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaryşyň düzgünlerini bozandygy üçin topary ýaryşdan çykardy.

Apellýasiýa komiteti «Leona» we beýleki bir meksikan futbol kluby bolan «Paçuka» hem şol bir kompaniýanyň eýeçilik edýändigini anyklady. Bu klub hem ýaryş üçin hasaba alnypdy. Emma ýaryşa gatnaşýan iki klubuň şol bir eýeçilikde bolmagy ýaryşyň düzgünlerine ters gelýär.
FIFA ýakyn wagtda «Leonyň» ýerine haýsy toparyň gatnaşjakdygyny resmi taýdan mälim etjekdigini habar berdi.
«Leon» – Meksikanyň sekiz gezek çempiony bolup, bäş gezek ýurduň milli kubogyny we superkubogyny gazanypdy.
Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýulyna çenli ABŞ-nyň 11 şäherindäki 12 stadionda geçiriler. Bu ýaryşa jemi 32 topar gatnaşar. Gatnaşyjylaryň ählisi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


düýn 16:49
5.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.6k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....