Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

  • 10.05.2026 11:39
  • 14k+

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen (48-47, 47-48, 48-47) amerikalynyň peýdasyna tamamlandy.

BAE-niň baýdagy astynda çykyş edýän Çimaýew üçin bu şowsuzlyk professional karýerasyndaky 15 söweşiň içinde ilkinji ýeňliş boldy. Striklend bolsa öz hasabyna 31-nji ýeňşini ýazdy (7 ýeňlişi bar).

Uruş heniz oktagona çykmazdan ozal dörän ýiti dartgynlylyk bilen başlandy: metbugat maslahatynda söweşijiler biri-birine agyr sözleri aýtdy, bakyş söweşinde bolsa hatda fiziki galtaşma hem boldy.

Birinji raundda Çimaýew parterde agalyk etdi, ýöne eýýäm ikinji bäş minutlykdan başlap, çempionyň ýadamagy netijesinde oýnuň gidişi üýtgedi. Striklend tutluşykda bäsdeşlik etmegi başardy we aýak üstündäki urgularda, aýratyn-da, söweşiň ortalarynda we ahyrynda has takyk boldy.

Duşuşykdan öňki agressiýa garamazdan, söweşiň ahyry asuda tamamlandy. Söweşijiler birnäçe gezek el gysyşdy, netijeler yglan edilenden soň bolsa, Çimaýew ýeňlişini pespällik bilen kabul edip, Striklendi gujaklady we çempionlyk guşagyny oňa dakmaga kömek etdi.

Agşamyň ähmiýeti boýunça ikinji urşunda UFC-niň iň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Joşua Wan ýaponiýaly dalaşgär Tatsuro Tairany bäşinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, öz titulyny ilkinji gezek üstünlikli gorady. Emin çempionyň yzly-yzyna dowam eden hüjümlerinden soň söweşi saklamaly boldy.

UFC 328 ýaryşynyň esasy kardyndaky beýleki duşuşyklaryň netijeleri:

  • Ýeňil agram: King Grin (ABŞ) birinji raundda Jeremi Stiwensi (ABŞ) demikdiriji tilsim bilen ýeňdi.
  • Ýarym orta agram: Şon Bredi (ABŞ) eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Hoakin Baklini (ABŞ) ýeňlişe sezewar etdi.
  • Agyr agram: Aleksandr Wolkow (Russiýa) eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Woldo Kortes-Akostany (Dominikan Respublikasy) ýeňdi.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......