Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol öz ýygyndy toparyna Özbegistany uly hasap bilen ýeňmäge kömek etdi. Geliň, indi bolsa ählisini gezekli-gezegine seljerip geçeliň…
K toparça
Portugaliýa — Özbegistan — 5:0
Amerikanyň Hýuston şäherindäki «En-Er-Ji» stadionynda geçirilen bu duşuşyk Özbegistanyň ýygyndy toparynyň uly hasaply ýeňlişi bilen tamamlandy.
Portugallaryň artykmaçlygy eýýäm oýnuň 6-njy minudynda duýuldy: Kriştianu Ronaldu Žoau Kanselunyň gapdaldan jerime meýdançasyna zarply geçiren pasyny bat bilen derwezä düp-dürs görnüşde ugratdy. 17-nji minutda bolsa portugallar jerime urgusyny ýerine ýetirenlerinde hüjüm hilesini ulandylar: meýdançadaky ähli oýunçylar urgyny Ronaldunyň özüniň urmagyna garaşyp duran pursady, Nunu Mendeş batly depäge-de, topy tora girizip goýberdi. Oýnuň 29-njy minudynda özbek futbolçysy Aziz Ganiýew Abbosbek Faýzullaýewiň beren pasyndan soň aratapawudy azaltmagy başardy, emma baş emin VAR ulgamyny görenden soň goly ýatyrdy. Sebäbi hakykatdan hem Faýzullaýew topy alyp duran pursadynda düzgüni bozupdy.
Oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda, ýagny 39-njy minutda Ronaldu ahyrsoňy özüniň ikinji goluny resmileşdirdi, oňa gol pasyny bolsa Brunu Fernandeş berdi — 3:0. Indi 41 ýaşly Kriştianu gaýtalanmajak taryhy rekordyň eýesidir — ol futbol taryhynda yzygiderli alty sany dünýä çempionatynda gol urmagy başaran ýeke-täk futbolçydyr.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Özbegistanyň ýygyndysy hüjümi has-da güýçlendirdi, emma topara takyklyk ýetişmedi. Oýnuň 60-njy minudynda bolsa örän geň we gülkünç pursat ýüze çykdy: burçdan gelen urgudan soň, top «Mançester Siti» klubunyň goragçysy Abdukodir Husanowdan yza böküp, derwezeban Abduwahid Nematowa degdi we ondan hem geçip tora girdi. Şeýlelikde, Nematow bu tapgyrda öz derwezesine gol uran ýeke-täk derwezeban hökmünde hasaba alyndy.
87-nji minutda meýdança giren Rafael Leau bolsa oýnuň soňky nokady goýdy — 5:0.
Kolumbiýa — DR Kongo — 1:0
Meksikanyň Sapopan şäherindäki «Akron» stadionynda geçirilen duşuşykda Kolumbiýanyň ýygyndysy iň az hasap bilen ýeňiş gazandy.
Deň derejede geçen birinji ýarymdan soň, kolumbiýalylaryň has ýokary ussatlygy özüni bildirdi. Oýundaky ýeke-täk goly 76-njy minutda Huan Kinteronyň owadan pasyny netijeli ulanan «Kristal Pelas» klubunyň goragçysy Daniel Munýos urdy.
Bu netije Özbegistanyň ýygyndy toparyna ýaryşy dowam etdirmek üçin şindem bolsa nazary taýdan mümkinçilik döretdi: eger-de olar iň soňky tapgyrda DR Kongony uly hasap bilen utmagy başarsalar, onda üçünji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykmak üçin göreşip bilerler. Kolumbiýanyň ýygyndysy bolsa eýýäm indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny doly kepillendirdi.
K toparçadaky häzirki ýagdaý (2 tapgyrdan soň):
- 1 Kolumbiýa 6 utuk;
- 2 Portugalýa 4 utuk;
- 3 DR Kongo 1 utuk;
- 4 Özbegistan 0 utuk.
3-nji tapgyryň oýunlarynyň tertibi (28-nji iýun, sagat 04:30):
- DR Kongo — Özbegistan;
- Kolumbiýa - Portugaliýa.
L toparça
Angliýa — Gana — 0:0
Amerikanyň Foksboro şäherindäki «Džillettw» stadionynda geçirilen bu duşuşyk garaşylmadyk gollaryň bolmazlygy, ýagny 0:0 hasabyndaky deňme-deňlik bilen tamamlandy.
Angliýanyň futbolçylary tutuş oýnuň dowamynda meýdançada doly artykmaçlyk görkezip, derwezä tarap jemi 19 gezek urgy urdular, emma olaryň diňe 3 sany takyk urgy boldy. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda emin diňe iki gezek sary kart görkezdi.
Utuk ýitirilendigine garamazdan, bu netije Angliýanyň ýygyndy toparyna beýleki oýunlaryň netijelerine dahylsyz möhletinden öň indiki tapgyra çykmagy kepillendirdi. Gana hem öz gezeginde toparçadan çykmak ugrundaky mümkinçiliklerini has-da berkitdi.
Panama — Horwatiýa — 0:1
Kanadanyň Toronto şäherindäki «Bi-Em-O Fild» stadionynda geçirilen duşuşygyň ykbalyny 54-nji minutda urlan ýeke-täk gol kesgitledi. Bu goluň awtory Ýosip Stanişiçiň beren owadan pasyndan soň, Ispaniýanyň «Osasuna» klubunyň hüjümçisi Ante Budimir boldy.
Horwatiýanyň topary meýdançada doly artykmaçlyga eýe bolup bilmedi — Panama burçdan urulýan urgularyň sany boýunça öňe saýlandy (7-2) we hasaby deňlemek üçin birnäçe pursat döretdi. Olar garşydaşyň derwezesine jemi 8 gezek urgy urdular (1-i takyk). Horwatlar bolsa 6 gezek zarba urmagy başardylar (2-si takyk).
Bu ýeňlişden soň Panama ýaryşyň 1/16 finalyna çykmak baradaky ähli hukuklaryny dolulygyna ýitirdi.
Bu duşuşyk Luka Modriç üçin Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki 200-nji oýny boldy.
L toparçadaky häzirki ýagdaý (2 tapgyrdan soň):
- 1 Angliýa 4 utuk
- 2 Gana 4 utuk
- 3 Horwatiýa 3 utuk
- 4 Panama 0 utuk
3-nji tapgyryň oýunlarynyň tertibi (28-nji iýun, sagat 02:00):
- Panama – Angliýa;
- Horwatiýa – Gana.
Toparçalaýyn tapgyryň indiki ykbal çözüji oýunlarynyň bildirişi
B toparça (25-nji iýun, sagat 00:00):
- Şweýsariýa — Kanada;
- Bosniýa we Gersegowina — Katar.
Ýagdaýyň seljermesi: Bu duşuşyklar toparlar üçin kesgitleýji bolar. Kanada bilen Şweýsariýa häzirki wagtda öňde barýarlar (ikisinde-de 4 utukdan bar) we olara indiki tapgyra çykmak üçin deňme-deň oýnamak hem ýeterlik. Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Kataryň hasabynda bolsa 1 utukdan bar.
C toparça (25-nji iýun, sagat 03:00):
- Marokko — Gaiti;
- Şotlandiýa — Braziliýa.
Ýagdaýyň seljermesi: Bu dörtlük üçin hakyky ykbal kesgitleýji tapgyr bolar. Häzirki wagtda diňe Gaitiniň ýygyndy topary pleý-offa çykmak hukugyny ýitirdi. Galan üç topar bolsa göreşi gyzgalaňly dowam etdirýär.
Braziliýalylaryň we marokkolylaryň hasabynda 4 utuk, şotlandlarda bolsa 3 utuk bar.
A toparça (25-nji iýun, sagat 06:00):
- Çehiýa — Meksika;
- Günorta Afrika Respublikasy — Günorta Koreýa.
Ýagdaýyň gidişi: Meksikalylar (6 utuk) eýýäm indiki tapgyra çykmagy doly gszanyp bildiler. Galan üç ýygyndy üçin bolsa soňky tapgyrda ýeňiş gazanmak edil howa ýa suw ýaly zerur.
Häzirki wagtda koreýleriň hasabynda 3 utuk, beýleki iki toparda bolsa 1 utukdan bar.




