2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň her birinde birinji we ikinji orny alan ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy görkezijili 8 topar gazanar.
Üçünji orny alan iň gowy 8 ýygyndyny kesgitlemek üçin aşakdaky görkezijiler yzygiderli göz öňünde tutular:
- Utuk sany. Iň köp utuk toplan ýygyndylar ýokarda bolar. Üçünji orny alan toparyň teoriýa boýunça iň köp 6 utuk, iň az 1 utuk gazanyp biljekdigini bellemek gerek.
- Gollaryň tapawudy. Toplanan gollaryň özara tapawudy (geçirilen we derwezeden girizilen gol) seljeriler.
- Girizilen gollaryň sany. Eger gollaryň tapawudy deň bolsa, has köp gol geçiren toparyň mümkinçiligi ýokary bolar. Mysal üçin, A ýygyndysy 7 gol girizip, 2-sini geçiren bolsa (+5), B ýygyndysy 5 gol girizip, hiç haýsy geçirmedik bolsa (+5), A ýygyndysy has köp gol geçireni üçin öňde bolar.
- Ýeňişleriň sany. Öňki görkezijiler deň bolan ýagdaýynda, iň köp ýeňiş gazanan topar saýlanylar. Şeýlelik bilen, bir gezek ýeňip, iki gezek utulan topar (3 utuk), üç gezek deňme-deň oýnan topar (3 utuk) bilen deňeşdirilende artykmaç bolar.
Düzgün-nyzam reýtingi (Fair Play) Eger ýokarda agzalanlaryň hemmesi deň çyksa, guramaçylar düzgün-nyzam görkezijilerine-de ser salarlar. Ýygyndylar oýunçylaryň alan sary we gyzyl kartlary üçin hasaplanýan jerime utuklary boýunça deňeşdiriler (iň az jerime utugy bolan topar geçýär).
Jerime utuklaryny hasaplamak ulgamy:
Bir sary kart: – 1 utuk.
Iki sary kart sebäpli çykarylmak (gönümel däl gyzyl): –3 utuk.
Gönümel gyzyl kart: – 4 utuk.
Sary kartdan soň, gödek düzgün bozulmasy üçin gönümel gyzyl kart almak: -5 utuk.
Şonuň üçin çempionatda, (edil durmuşda hem bolşy ýaly), düzgün bozmak bir özüňe däl, daş-töweregiňdäkileriň, meselem, toparyň ykbalyna täsir edip biler.
Iň soňky talaplar
Eger toparlaryň düzgün-nyzam görkezijileri hem doly deň gelýän bolsa, FIFA olaryň dünýä reýtingindäki orunlaryny deňeşdirer. Üçünji orunlaryň sanawynda ýaryş başlamazdan öňki iň soňky resmi reýtinge (2026-njy ýylyň iýun aýyndaky FIFA reýtingi) görä has ýokarda duran topar indiki tapgyra geçer.