2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl etmegi başardy.
Şeýle-de bolsa, geçen oýunlar futbol dünýäsine öňdenem mälim meşhur düzgüni ýene bir gezek tassyklady: dünýä çempionatynda gowşak garşydaş bolmaýar. Geliň, gowusy, ähli zady yzygiderli gözden geçireliň...
I toparça
Fransiýa – Yrak — 3:0
Filadelfiýa şäherindäki (Pensilwaniýa ştaty, ABŞ) «Linkoln Faýnenşel Fild» stadionynda fransuzlar Yragyň ýygyndysyny iri hasap bilen utdy.
Kilian Mbappe 14-nji minutda Maýkl Olisäniň beren topy bilen hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymy güýçli ýagyş sebäpli birneme yza tesdirildi. Oýun gaýta başlandan soň, Mbappe ýene «ýeňi çermelgi» işe girişdi we 54-nji minutda Usman Dembeläniň geçiren pökgüsi bilen dubl etmegi başardy. 66-njy minutda bolsa Dembeläniň özi, bize häliden tanyş Olisäniň ýardamy bilen gelen topy peýdalanyp, hasaby jemledi.
Yraklylar bolsa tutuş oýnuň dowamynda garşydaşynyň derwezesine bir gezek gönümel top urubam bilmediler.
Fransiýa ilkinji iki oýnunda-da ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna dördünji dünýä çempionatynda pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Yragyň milli ýygyndysy bolsa taryhy boýunça gatnaşan dünýä çempionatlarynda geçiren bäş oýnunda hem ýeňlişe sezewar boldy, ýöne topar henizem hasap boýunça indiki tapgyra çykmak boýunça mümkinçiligini saklap galýar.
Norwegiýa — Senegal — 3:2
Duşuşyk «Metlaýf» stadionynda (Ist-Raterford, Nýu-Jersi, ABŞ) geçirildi.
43-nji minutda «Torino» toparynyň goragçysy Markus Pedersen Norwegiýany öňe çykardy. 48-nji minutda bolsa Erling Holand Martin Edegoryň äberen topy bilen hasaby 2:0-a ýetirdi.
Senegal 53-nji minutda yza galdyran golunyň birini yzyna aldy – Sadio Maneniň geçiren pökgüsi bilen Ismaila Sarr tapawutlandy. 58-nji minutda bolsa Holand dubl edip, hasaby 3:1-e ýetirdi.
63-nji minutda afrikanlar şikes alan derwezeban Eduar Mendiniň ýerine Mori Diawony meýdança çykarmaly boldular.
Oýnuň goşmaça wagtynda (90+3) Ismaila Sarr hem Nikolas Jeksonyň geçiren pökgüsi bilen dubl etmegi başardy, ýöne onça wagtdan soň Senegalyň hatda deňlik gazanmaga-da wagty ýokdy.
Holand hem Mbappe ýaly iki oýunda 4 gol geçirdi, olar bu ýylyň dünýä çempionatynyň bombardirler sanawynda ikinji orny paýlaşýarlar. Norwegiýa möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykdy, ýöne toparçanyň lideriniň haýsy topardygy üçünji tapgyrdaky oýunlardan soň belli bolar.
2 tapgyrdan soň I toparçanyň ýagdaýy:
Fransiýa – 6 utuk;
Norwegiýa – 6 utuk;
Senegal – 0 utuk;
Yrak – 0 utuk.
3-nji tapgyryň tertibi (27-nji iýun, 00:00): Norwegiýa – Fransiýa, Senegal – Yrak.
J toparça
Argentina – Awstriýa – 2:0
Arlingtonda (Tehas ştaty, ABŞ) ýerleşýän «Eý-Ti-end-Ti» stadionynda toparçanyň liderleri duşuşdy.
Oýun basyş esasynda başlandy: eýýäm 7-nji minutda awstriýaly goragçylar Şlager we Poş jerime meýdançasynyň içinde Lautaro Martinesy «gabaw astyna» aldylar. Müsürli emin Amin Omar diňe kömekçi eminleriň maslahatyndan we VAR-y synlandan soň penalti belledi. Ony amala aşyran Lionel Messiniň aşakdan, sag tarapdan uran topy derwezäniň allaowarrasyndan geçdi.
Penaltini pys geçiren-de bolsa, argentinleriň kapitany 38-nji minutda öz ýalňyşyny düzetdi. Argentinler «Barselonanyň» meşhur stilinde göçüm gurnadylar: Tiago Almada Fakundo Medinanyň geçiren topuny aýagynyň arasyndan geçirdi we Messi dessine derwezebanyň garşysyna urgy geçirdi. Bu goldan soň, Lionel nemes Miroslaw Klozeni (16 gol) yzda galdyryp, dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren ýeke-täk bombardir boldy.
Awstriýalylar hem elde baryndan birnäçe howply pursat döretmäge synanyşdylar, ýöne sypdyrylan mümkinçilikleri netijeli ulanmak olara başartmady.
Argentinler ikinji goly oýnuň goşmaça wagtynda (90+5-nji minut) ykjam guralan garşylykly hüjümiň netijesinde geçirdiler. Messi Hulian Alwaresy derwezeban bilen ýekme-ýeke çykardy, ýöne ol derwezebana hötde gelip bilmedi. Pökgi Paredese geldi, ol bolsa Messä pas berdi: Messiniň ilkinji urgusyny Nikolas Zaýwald böwetledi, ýöne Lionel bir ugruny tapyp, ikinji urgy bilen goragçylaryň arasyndan topy derwezä girizdi – 2:0.
Hut şu dubl bilen Leo indi dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 18-e ýetirip, täze rekord goýdy. Mundan başga-da, ol 5 gol bilen Dünýä çempionaty – 2026-nyň bombardirler sanawynda hem öňdeligi eýeleýär.
Argentina möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.
Alžir — Iordaniýa — 2:1
Santa-Klara şäherindäki (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) «Lewaýs» stadionynda geçirilen oýunda Alžiriň ýygyndysy erk edip, ýeňiş gazandy.
36-njy minutda hasaby iordaniýalylar açdy – Musa Al-Tamariň geçiren topundan soň, Nizar Al-Raşdan tapawutlandy.
Alžir 69-njy minutda hasaby deňledi: jerime meýdançasyndaky dartgynly hüjümden we Riýad Mareziň pasyndan soň, pökgi Nadhir Benbualä gelip gowuşdy we ol hasaby deňledi.
82-nji minutda bolsa «Marsel» toparynyň futbolçysy Amin Guiri ýeňiş goluny geçirdi. Bu ýeňlişden soň, Iordaniýanyň ýygyndysy möhletinden öň 1/16 finala çykmak mümkinçiligini ýitirdi.
2 tapgyrdan soň J toparçadaky ýagdaý:
Argentina – 6 utuk;
Awstriýa – 3 utuk;
Alžir — 3 utuk;
Iordaniýa — 0 utuk.
3-nji tapgyryň tertibi (28-nji iýun, 07:00): Iordaniýa — Argentina, Alžir — Awstriýa.
Dünýä çempionaty – 2026-nyň ýakyn wagtda geçiriljek oýunlarynyň bildirişi.
K toparça:
Özbegistan – Portugaliýa (23-nji iýun, 22:00). Iki topar üçin hem utuklar örän wajyp.
Kolumbiýa – DR Kongo (24-nji iýun, 07:00). Ýeňiş Kolumbiýa pleý-offa çykmagy kepillendirýär.
L toparça:
Angliýa – Gana (24-nji iýun, 01:00). Ýeňiş gazanan halatynda, iňlisler 1/16 finaldaky ornuny kepillendirýärler.
Panama – Horwatiýa (24-nji iýun, 04:00). Horwatlara diňe ýeňiş gerek, ýogsam olaryň toparçadan çykmak mümkinçilikleri juda peselýär.






