Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler.
Ginnesiň rekordlar kitabynda Sinanyň sportda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenip geçildi. Ol 2002-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde erkekleriň arasynda WWE restling promouşeniniň iň köp çempionlyk titulyny gazanan türgeni boldy. Restler 2025-nji ýylyň 20-nji aprelinde Las-Wegasda geçirilen WrestleMania-da Kodi Roudsy ýeňip, 17-nji gezek çempion boldy. Mundan ozal bu rekord hasabynda 16 çempionlyk tituly bolan Rik Flere degişlidi.
Onuň ýene bir uly üstünligi iň uzak wagtlap WWE-niň oňyn gahrymanynyň keşbinde çykyş etmegidir. Sina bu keşpde 22 ýyl we 247 günläp çykyş etdi — ol 2002-nji ýylyň 27-nji iýunynda «SmackDown» şüweleňindäki ilkinji çykyşyndan başlap, tä 2025-nji ýylyň 1-nji martynda erbet gahrymanlaryň hataryna goşulýança şu keşbini saklady.
Ringden daşary hem Jon Sina Make-A-Wish gaznasy arkaly çagalaryň iň köp arzuwyny hasyl eden adam hökmünde rekord goýdy. 2022-nji ýylyň iýul aýyndaky maglumatlara görä, ol agyr keselli çagalaryň 650 sany arzuwynyň amala aşmagyna ýardam etdi.
Sport karýerasyndan başga-da, Sina «Forsaž» filmlerindäki, «Barbidäki» we «Parahatçylyk dörediji» serialyndaky rollary bilen tanalýar.
