Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.
Türgen ABŞ-nyň Indiana ştatynyň Indianapolis şäherinde geçirilen ýaryşda 23,59 sekunt netije görkezdi. Mundan öňki rekord 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynda şwesiýaly Sara Şýostrýom tarapyndan goýlup, ol 23,61 sekunta deňdi.
Duglass 24 ýaşynda. Ol iki gezek Olimpiýa çempiony we ýedi gezek dünýä çempionatynyň ýeňijisidir. Şeýle hem amerikaly türgen gysga suwda geçirilen dünýä birinjiliklerinde 11 gezek ýeňiş gazandy.