Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

  • 05.05.2026 17:34
  • 9.5k+

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy.

Sapata bir gije-gündiziň dowamynda minutda ortaça sekiz gezek çekilmegi başardy. Ol bu netijäni gazanmak üçin bäş ýyldan gowrak wagtlap taýýarlandy. Mundan ozal hem oňa 8 sagadyň (4 949 gezek) we 12 sagadyň (7 100 gezek) dowamynda çekilmek boýunça rekordlar degişli bolupdy, ýöne soň olar beýleki türgenler tarapyndan täzelendi.

Sapatanyň aýtmagyna görä, ozal onuň saglyk bilen bagly kynçylyklary bolup, artykmaç agramdan, gipertoniýadan we alkogol garaşlylygyndan ejir çekýärdi. Deýwid Gogginsiň «Can’t Hurt Me» atly kitaby bilen tanyşmagy onuň durmuşynda öwrülişikli pursat boldy we şondan soň ol işjeň türgenleşip başlady.

Netijä ýetmek üçin türgen ýörite dem alyş usullaryny ulandy, agramy kem-kemden artdyryp türgenleşdi, elleri üçin gorag serişdelerini peýdalandy we bedeniň kadaly dikelmegine üns berdi.

Sapatanyň bellemegine görä, ol bäş ýylyň dowamynda turnikde bir million gezekden hem köp çekildi we häzirki wagtda çydamlylygy hem-de güýjüni ösdürmek üçin türgenleşiklerini dowam etdirýär.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....