Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

  • şu gün 11:10
  • 4.2k+

Açylyş oýunda Meksikanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýnuň 9-njy minutynda Hulian Kinonesiň we 60-njy minutda Raul Himenesiň geçiren gollary ýer eýelerine möhüm ýeňşi getirdi. 80 müňe golaý tomaşaçynyň öňünde geçirilen bu oýunda 3 futbolçynyň meýdançadan çetleşdirilmegi hem bellärlikli ýagdaýdyr.

Oýnuň 49 we 84-nji minutlarynda myhmanlardan Ýaýa Sithole we Themba Zwane meýdançadan çetleşdirilen bolsa, 90+2 de ýer eýelerinden Sesar Montese gyzyl kart görkezildi. Ýeri gelende bellesek, 2010-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda hem şu iki topar (1:1) garşylaşypdy.

Toparçadaky ikinji oýunda Günorta Koreýanyň ýygyndysy Çehiýanyň milli ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýewropalylar oýnuň 59-njy minutynda Ladislaw Kreýçiň goly bilen 1:0 hasabynda öňe saýlandylar. Emma kambek etmek gezegi bu oýunda aziýa yklymyna wekilçilik edýän toparyň paýyna düşüpdir. Oýnuň 67-nji minudynda Hwan in Býomuň we 80-nji minutda O Hýon Kýonuň gollary yklymdaşlarymyza möhüm üç utugy getirdi.

Şeýlelikde, «A» toparçada toparçalaýyn oýunlaryň 1-nji tapgyry tamamlandy. Meksika bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndylary 3 utuk bilen degişlilikde 1 we 2-nji orny eýeleýän bolsa, 3 we 4-nji orunlardaky Çehiýanyň we Günorta Afrikanyň ýygyndylarynda heniz utuk ýok.


düýn 23:57
3k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
10k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 17:32
7.4k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....