FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

  • düýn 17:32
  • 4.6k+

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler.

Bu maksatnama «Super Shoutout» adyny aldy. Ol ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň 72 duşuşygynyň ählisinde elýeterli bolar.

Şertlere laýyklykda, atlar oýnuň öňüsyrasyndaky taýýarlyk wagtynda ekranlara çykarylar. Oýunlar ýaýlyma berilýän wagty bolsa atlar ekranda görkezilmez.

FIFA-nyň anyklaşdyrmagyna görä, bu hyzmat diňe stadiona gelen tomaşaçylar üçin niýetlenendir we adyň teleýaýlymda, sanly ýaýlymlarda ýa-da beýleki media materiallarynda peýda bolmagyna hiç hili kepillik bermeýär.

Ýatlap geçsek, futbol boýunça dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýuny we 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


08.06.2026 16:09
8.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.8k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

08.06.2026 07:37
2.9k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......

04.06.2026 11:43
5.7k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....