Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler.
1958-nji ýyldaky dünýä birinjiliginiň jemleýji oýnunda Braziliýanyň milli ýygyndysy Şwesiýanyň toparyny 5:2 hasabynda utupdy. Şonda 17 ýaşly Pele iki gol geçirmegi başarypdy we şu günki güne çenli Dünýä çempionatlarynyň finalynda meýdança çykan hem-de gol geçiren iň ýaş futbolçy bolmagynda galýar. Şol ýeňiş Braziliýa ýurduň taryhyndaky bäş sany dünýä çempionlyk titullarynyň ilkinjisini getiripdi.
The New York Times neşiriniň berýän maglumatyna görä, köýnekçäniň başlangyç bahasy 6 million dollardan hem ýokary bolar. Söwdalaşyklar 29-njy iýunda başlap, 16-njy iýulda – 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň finalyna üç gün galanda tamamlanar. Bu harydyň taryhdaky iň gymmat bahaly futbol eşiginiň rekordyna golaýlap bilmegine garaşylýar.
2022-nji ýylda Diego Maradonanyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatynda geýen köýnekçesi 9,28 million dollara satylypdy.
Braziliýanyň milli ýygyndysy iň soňky gezek Dünýä çempionatynda 2002-nji ýylda ýeňiş gazanypdy. Öňümizdäki turnirde bolsa ýygyndy «C» toparçada çykyş edip, Marokkonyň, Gaitiniň we Şotlandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.