RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar.
Bu model Aston Martin kompaniýasynyň we Italiýanyň Zagato kuzow atelýesiniň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredildi. Bu awtomobillerden jemi 19 sany öndürildi, bu bolsa ony brendiň iň seýrek duş gelýän klassyk sport ulaglarynyň birine öwürýär.
Taslamanyň taryhy Aston Martin toparynyň 1959-njy ýylda geçirilen «24 sagat Le-Man» ýaryşynda gazanan ýeňşinden soň başlandy. Şondan biraz wagt geçensoň, kompaniýa DB4 GT modelini döretdi we ony has-da kämilleşdirmek üçin Zagato-ny işe çekdi. Aston Martin DB4 GT Zagato modeliniň ilkinji tanyşdyrylyşy 1960-njy ýylda Erls-Kortdaky awtosalonda boldy.
Awtomobil 314 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edildi, bu bolsa onuň esasy görnüşinden 74 at güýji has köp diýmekdir.
Auksiona çykarylan bu nusga öz wagtynda dürli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşypdyr, birnäçe gezek doly abatlaýyş işlerinden geçipdir hem-de Pebble Beach Concours d’Elegance atly bäsleşikde baýraklary gazanypdyr. Ulag 2019-njy ýylda öz klasynda birinji orny eýelemegi başardy.
Auksion 2026-njy ýylyň awgust aýyna meýilleşdirildi.


