Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

  • şu gün 11:43
  • 440

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. 

Kompaniýanyň Ängelholm şäherindäki uçuş meýdançasynda awtoulag 402 metr aralygy 8,54 sekuntda geçip, 305 km/sag tizlik görkezijisine ýetdi.

805 metr aralyk bolsa 12,76 sekuntda geçildi we onda iň ýokary tizlik 373 km/sag boldy.

Bu netijeler seriýaly awtoulaglaryň arasynda, elektrik hereketlendirijisi bolmadyk ulaglar üçin hem görkezilen aralyklardaky iň ýokary tizlik, hem-de geçiş wagty boýunça rekord hasaplanyldy.


Ýaryşlar standart zawod şinalarynda we uçuş-gonuş zolagynyň taýýarlanmadyk örtüginde geçirildi. Ulagy zawodyň sürüjisi Markus Lund dolandyrdy, görkezijiler bolsa «Racelogic» ölçeg toplumy tarapyndan hasaba alyndy we tassyklanyldy.

Kompaniýa bu netijelere programma üpjünçiliginiň täzelenen sazlamalarynyň kömegi bilen ýetilendigini habar berdi. Güýç gurluşynyň täze kalibrlemeleri «Jesko Absolut-yň» eýelerine simsiz täzeleme arkaly elýeterli bolar.

Model 1622 at güýjüne çenli kuwwatlylygy bolan 5,1 litrlik V8 hereketlendirijisi we yzky çekiji bilen enjamlaşdyrylandyr. 2025-nji ýylda «Jesko Absolut» şeýle hem 0–400–0 km/sag maşkynda elektrikli «Rimac Nevera R» giperkarynyň netijesinden geçip, rekord goýupdy.


08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

06.06.2026 11:51
5.1k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

27.04.2026 15:01
1.8k+

Liberty Walk kompaniýasynyň týunerleri Nissan GT-R R35-i ýol monstryna öwürdiler

Liberty Walk týuning studiýasy awtoulagyň daşky görnüşine ünsi jemlemek bilen, Nissan GT-R R35-iň üýtgedilen görnüşi bilen tanyşdyrdy. Modeliň önümçiliginiň bes edilýändigine garamazdan, ol týunerleriň......