Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar.
Forbes-iň çaklamalaryna görä, portugaliýaly ýyldyz 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminde takmynan 300 million dollar gazanar. Onuň 235 million dollaryny futbol şertnamasy we klub bilen bagly ylalaşyklar emele getirse, galan 65 million dollaryny meýdançanyň daşyndaky mahabat hem-de täjirçilik girdejileri düzer.
Şeýle uly girdejileriň saýasynda Ronaldu sport ýyldyzlarynyň arasynda iň gymmat bahaly awtoparklaryň birini döretmegi başardy.
Futbolçynyň özi kolleksiýasyndaky ulaglaryň takyk sanyny-da ýadyndan çykarandygyny aýdýar.
— Men ulaglarymy sanamogam. Çynym, sanamok. Men kiçigöwünlisiremegem islämok, bu bolup bilýän ýagdaý. Ulaglarymyň sany, anyk bilemok welin, 40 ýa-da 41 bardyr — diýip, Ronaldo Pirs Morgana beren interwýusynda aýtdy.
Futbolçynyň sözlerine görä, ol ulaglarynyň köpüsini diýen ýaly ulanmaýar, awtoulaglary oňa köp babatda kolleksiýa gymmatlygy we maýa goýum hökmünde hyzmat edýär.
Rolls-Royce Cullinan — 350–400 müň ýewro
Rolls-Royce Cullinan Ronaldunyň iň gowy görýän ulaglaryndan biri hasaplanýar. Futbolçy bu ýolsuz ýerleriň ulagyny (wnedorožnik) aýratyn oňaýly hasap edýär.
— Munda oturan wagtyň arkaň hiç agyrmaýar. Gaýtam, şeýle ulagda öň bar bolan agyryň hem aýrylyp gidýär. Örän kämil ýssalan — diýip, portugaliýaly hüjümçi belleýär.
Cullinan model Rolls-Royce taryhyndaky ilkinji SUV (ýeňil ýolsuz ýer ulagy) boldy. Bu model ýokary derejeli oňaýlylygy, salondaky rahatlygy we premium kysymly bezegi bilen tanalýar. Ulag, ilkinji nobatda, tizlik üçin däl-de, rahatlyk we endigan hereket üçin niýetlenendir.
Bugatti Centodieci — 8–10 mln ýewro
Ronaldunyň kolleksiýasyndaky iň gymmat bahaly awtoulag Bugatti Centodieci hasaplanýar. Metbugatda çykan maglumatlara sagylansaň, futbolçy bu giperkary 2020-nji ýylda «Ýuwentus» Italiýanyň çempionatyny gazanandan soňra sargyt edipdir.
Bu model Bugatti brendiniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp, bary-ýogy on sany çäkli sanda öndürildi. Ulag meşhur Bugatti EB110 modelinden nusga alyp ýasalypdyr we takmynan 380 km/sag tizlige ýetmäge ukyplydyr. Ol 100 km/sag tizligi bary-ýogy 2,4 sekuntda alýar.
Mercedes G-Wagon Brabus — 600–700 müň ýewro
Mercedes G-Wagon Brabus özüniň taryhy sebäpli futbolçynyň kolleksiýasynda aýratyn orun tutýar. Bu ulagy Ronaldu 2020-nji ýylda 35 ýaş toýuna Joržina Rodrigesden sowgat hökmünde alypdy.
— Ezizim, bu garaşylmadyk sowgat üçin sag bol — diýip, şol wagtlar Ronaldu öz begenjini sosial ulgamlarynda paýlaşypdy.
Bu ýerde gürrüň Brabus G V12 900 görnüşi — güýçli hereketlendiriji we kaşaň salon bilen kämilleşdirilen Mercedes G-Class barada gidýär. Öňem aýdyşymyz ýaly, dünýä boýunça şeýle ulaglaryň diňe on sanysyny öndürmek meýilleşdirilipdi.
Ferrari Monza SP2 — 1,4–1,6 mln ýewro
Ferrari Monza SP2 Ronaldunyň kolleksiýasyna 2021-nji ýylda goşuldy. Italiýanyň metbugat gulluklary futbolçynyň «Ýuwentusyň» «Milandan» 0:3 hasabynda ýeňilmeginden tiz wagt soňra Maranello şäherine baryp görendigini habar berdiler.
Bu gezelenç wagtynda Ronaldu Ferrari kompaniýasynyň prezidenti Jon Elkann we «Ýuwentusyň» şol wagtky prezidenti Andrea Anýelli bilen görüşdi.
Monza SP2-niň öňündäki aýnasynyň kiçijikligi 1950-nji ýyllaryň ýaryş ulaglarynyň stilini ýatladýar. Adatdan daşary dizaýny bilen tapawutlanýan bu model, ilkinji nobatda, sürmekden lezzet almak we belent duýgulary başdan geçirmek üçin döredilen seýrek duş gelýän kolleksiýa ulagydyr.
McLaren Senna — 900 müň – 1 mln ýewro
Portugaliýaly ýyldyzyň kolleksiýasyndaky beýleki bir meşhur awtoulag bolsa McLaren Senna-dyr. Ronaldo bu superkary sosial torlarynda birnäçe gezek görkezipdi.
Bu model braziliýaly meşhur türgen Airton Sennanyň hatyrasyna atlandyryldy. Dünýä boýunça jemi 500 sany kişä nesip eden McLaren Senna, ilkinji nobatda, ýaryş ýodalary üçin niýetlenilendir. Model ýeňil korpusa, işjeň aerodinamika we V8 hereketlendirijä eýe bolup, 100 km/sag tizligi takmynan 2,8 sekuntda alýar.


