«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

  • şu gün 09:54
  • 349

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi.

Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, taraplaryň arasyndaky ylalaşyk iki möwsüm üçin niýetlenendir. Tälimçi ýylda 3,5 million ýewro alar.

Amorim bu wezipede möwsüm tamamlanandan soň işinden giden Massimiliano Allegriniň ornuny çalyşdy. «Milan» Italiýanyň çempionatynda bäşinji orny eýeledi we iň soňky tapgyrda «Kalýari» toparyndan 1:2 hasabynda utulyp, Çempionlar ligasyna saýlanyp bilmedi.

41 ýaşly Amorimiň soňky işlän ýeri Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» kluby bolup, ol bu topardan 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda gitdi. Mundan ozal ol Portugaliýanyň «Kaza Piýa», «Braga» we «Sporting» klublaryna tälim beripdi. Ol «Sporting» bilen iki gezek Portugaliýanyň çempiony bolmagy başardy.


düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.7k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....