FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.
Milli ýygyndynyň nyşanynyň ýokarsynda ýerleşýän ýedi sany ýyldyz Müsüriň Afrika Milletler kubogynda gazanan ýedi sany ýeňşini aňladýar. FIFA-nyň düzgünlerine görä, guramanyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlaryň final tapgyrlarynda lybaslaryň ýüzünde diňe Dünýä çempionatyndaky ýeňişler üçin ýyldyz goýmaga rugsat berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýoldaşlyk duşuşyklarynda we saýlama oýunlarda yklym möçberindäki (mysal üçin, Afrika çempionlygy ýaly) titullar bilen bagly ýyldyzlary ulanmaga rugsat edilýär.
Mundan başga-da, müsürli futbolçylara köýnekçeleriniň arkasyndaky belgileri we familiýalary altyn öwüşginli reňkde ýazmak hem gadagan edildi.
Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Müsüriň ýygyndysy «G» toparçada Belgiýanyň, Täze Zelandiýanyň we Eýranyň toparlalary bilen bilelikde bäsleşýär.