Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Onuň wezipesinden boşadylandygy barada žurnalist Romen Molina habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu dünýä çempionatlarynyň taryhynda milli toparyň halypasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji oýnundan soň derrew wezipesinden boşadylan ilkinji ýagdaýydyr. Duşuşyk Meksikanyň Guadalupe şäherindäki «BBVA» stadionynda geçirilip, ol Şwesiýanyň ýygyndysynyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şwesiýa we Tunis ýygyndylary Niderlandlaryň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylary bilen bilelikde F toparçada çykyş edýärler. Şol toparlaryň arasyndaky oýun bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlanypdy. Birinji tapgyrdan soň şwedler toparçada öňdeligi eýeledi.
Ikinji tapgyrda Şwesiýa 20-nji iýunda Niderlandlar bilen oýnar, Tunis bolsa 21-nji iýunda Ýaponiýa bilen duşuşar. Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýär.
Häzirki wagtda dünýäniň çempiony adyny Argentinanyň ýygyndysy saklaýar.