DÇ-niň 3-nji gününiň jemleri: brazilleriň şowsuzlygy, türkleriň garaşylmadyk ýeňlişi

  • 14.06.2026 13:59
  • 9.4k+

San-Fransiskoda (ABŞ) «B» toparçasynyň çäginde Şweýsariýa bilen Kataryň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk garaşylmadyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Ýewropalylar oýnuň ähli görkezijileri boýunça bäsdeşlerinden mese-mälim üstün çykdylar (hujum hereketleri Şweýsariýanyň peýdasyna 132-ä garşy 42, pökgä eýelik etmek bolsa 68% - 32% boldy). Şweýsariýalylar öz ýeke-täk goluny 17-nji minutda penaltiden urdular. 11 metrlik jerime urgusyny Bril Embolo takyk ýerine ýetirdi.

Oýnuň hasaby iň soňky minutlara çenli şol durşuna galdy we şweýsariýalylar üçin hemme zat gowy gutarjak ýalydy. Emma ikinji ýaryma goşulan 4-nji minutda (90+4) Kataryň goragçysy Boualem Huhi, Homam Al-Aminden gelen takyk pasy kellesi bilen derwezä girizdi.

Katar üçin bu deňlik taryhy waka boldy. Ýurt Dünýä çempionatlarynyň taryhynda özüniň ilkinji utugyny gazandy.

Şeýlelikde, «B» toparçasyndaky dörtlükleriň hemmesi birinji tapgyrdan soň 1 utuk toplady. Sebäbi bu toparyň beýleki oýnunda Kanada bilen Bosniýa we Gersegowina hem edil şuňa meňzeş hasap bilen oýnapdylar.

2-nji tapgyryň tertibi (19-njy iýun):

  • Şweýsariýa — Bosniýa we Gersegowina (sagat 00:00-da başlaýar);
  • Kanada — Katar (03:00).

«C» toparça: Braziliýanyň şowsuzlygy we Şotlandiýanyň öňe saýlanmagy

Braziliýa — Marokko — 1:1. Seljerijiler bu oýna toparçalaýyn tapgyryň iň esasy duşuşygy diýip baha beripdiler we oýun hakykatdan hem örän dartgynly geçip, garaşylan tamany doly ödedi. Marokkalylar 20-nji minutda öňe geçdiler – Braim Diasyň pasyndan soň Ismael Saýbari tapawutlandy. Braziller birinji ýarym tamamlanmanka hasaby deňlediler: 32-nji minutda Bruno Gimaraýnsyň pasyndan soň, Madridiň «Realynyň» ýyldyzy Winisius Žunior jogap pökgüsini girizdi. Oýnuň ahyrynda Marokko birnäçe ýiti hüjümleri gurasa-da, hasap üýtgemedi.

Şotlandiýa — Gaiti — 1:0. Şotlandiýanyň ýygyndysy 29-nji minutda Jon Makginniniň uran ýeke-täk golunyň saýasynda iň pes hasaply ýeňiş gazandy. Ýeňilendigine garamazdan, Gaitiniň ýygyndysy güýçli garşylyk görkezdi. Oýnuň ahyrynda hasaby deňlemek üçin mümkinçilik hem boldy, emma pursatdan peýdalanmak başartmady.

1-nji tapgyrdan soň «C» toparçadaky ýagdaý:

  1. Şotlandiýa — 3 utuk;
  2. Marokko — 1 utuk;
  3. Braziliýa — 1 utuk;
  4. Gaiti — 0 utuk.

2-nji tapgyryň tertibi (20-nji iýun):

  • Şotlandiýa — Marokko (sagat 03:00-da başlaýar);
  • Braziliýa — Gaiti (sagat 05:30-da başlaýar).

«D» toparçasy: Awstraliýanyň Türkiýäni haýran galdyryjy ýeňşi

Awstraliýanyň ýygyndysy Türkiýäni 2:0 hasabynda utup, haýran galdyryjy netije görkezdi. Türk futbolçylary ähli esasy görkezijiler boýunça öňde boldular we tutuş oýun boýunça hüjüm etdiler, emma bäsdeşiniň goragyny böwüsmegi başarmadylar.

Awstraliýalylar bolsa özleriniň seýrek dörän pursatlaryndan netijeli peýdalandylar. 27-nji minutda 20 ýaşly hüjümçi Nestori Irankunda hasaby açdy (ol oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy). 75-nji minutda ýarym goragçy Konnor Metkalf ýene bir çalt garşylykly hüjümde toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyryp, oýnuň nokadyny goýdy.

1-nji tapgyrdan soň «D» toparçadaky ýagdaý:

  1. ABŞ — 3 utuk;
  2. Awstraliýa — 3 utuk;
  3. Türkiýe — 0 utuk;
  4. Paragwaý — 0 utuk.

2-nji tapgyryň tertibi (20-nji iýun):

  • ABŞ — Awstraliýa (sagat 00:00-da başlaýar);
  • Türkiýe — Paragwaý (sagat 08:00-da başlaýar).

Garaşylýan duşuşyklar

Şu gün oýunlar gije «E» we «F» toparçalardaky duşuşyklar bilen dowam eder.

«E» toparça:

  • Germaniýa — Kurasao (sagat 22:00-da başlaýar);
  • Kot-d'Iwuar — Ekwador (15-nji iýunda ir sagat 04:00-da başlaýar).

«F» toparça:

  • Niderlandlar — Ýaponiýa (15-nji iýuna geçilýän gije sagat 01:00-da başlaýar);
  • Şwesiýa — Tunis (15-nji iýunda sagat 09:00-da başlaýar).

(Bellik: Ähli wagtlar Aşgabat wagty boýunça görkezilendir).


düýn 23:30
1.7k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
5.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......