DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

  • şu gün 14:15
  • 1.2k+

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi.

                                                                         E toparçasy

Germaniýa – Kýurasao – 7:1

Amerikanyň Hýuston şäherinde geçen E toparçasynyň birinji tapgyrynyň oýny Germaniýanyň ýygyndysynyň iri hasaply ýeňşi bilen tamamlanyp, bu häzirki wagtda DÇ-2026-daky iň uly hasap boldy.

Kýurasaonyň ýygyndysy üçin – tapgyryň dört debýutçysynyň biri we dünýä birinjilikleriniň taryhynda meýdany hem-de ilat sany boýunça iň kiçi ýurt (adada 150 müň adam ýaşaýar) – bu oýun dünýä çempionatlaryndaky ilkinji duşuşyk boldy.

Topary Dik Adwokat taýýarlaýar. Ýeňiji bolan toparyň düzüminde Kaý Hawertç dubl etdi (45+5‑nji we 88‑nji minutlar), galan gollary Feliks Nmeça (6), Niko Şlotterbek (38), Jamala Musiala (47), Nataniýel Braun (68), Deniz Undaw (78) girizdi. Şunda Kýurasaonyň oýunçylary ilkinji gol geçeninden yzysüre hasaby deňlemegi başardylar – duşuşygyň 21‑nji minutynda ýurduň DÇ-daky ilkinji taryhy goluny Liwano Komenensiýa öz adyna ýazdyrdy.

Tälimçileriň taryhy gabatlaşygy

Bu duşuşykda dünýä çempionatlarynyň üýtgeşik rekordy-da hasaba alyndy. Ýaryşyň taryhynda iň garry we iň ýaş baş tälimçileriň duşuşygy boldy. Kýurasaonyň halypasy Dik Adwokat topary 78 ýaş we 260 günlükkä dolandyryp, çeh tälimçisi Miroslaw Koubegiň (74 ýaş we 283 gün) rekordyny täzeledi. Germaniýanyň (dünýäniň dört gezekki çempionynyň) ýygyndysyna bolsa Ýulian Nagelsmann baştutanlyk edýär. Ol DÇ-2026-nyň iň ýaş tälimçisidir we onuň ýaşy oýun wagtynda 38 ýaş we 326 güne deň boldy.

 Kot-d’Iwar – Ekwador –1:0

Filadelfiýada Kot-d’Iwaryň ýygyndysy soňky minutlarda Ekwadordan ýeňşi gaňryp aldy. 90-njy minutda ýeke-täk goluň eýesi, meýdança ätiýaçlykdan giren «Mançester Ýunaýtediň» ýarym goragçysy Amad Diallo boldy. Şu goluň saýasynda DÇ-2026-da şu wagta çenli ýekeje-de nolly (0:0) deňme-deňlik hasaba alynmady.

Şol pursada çenli oýnuň esasy wakalary derwezäniň ýokarky sütünini sarsdyran üç sany urgy boldy: olaryň ikisini birinji ýarymda ekwadorlylar, birini bolsa ikinji ýarymyň başynda iwuariýliler ýerine ýetirdi.

1-nji tapgyrdan soň E toparçanyň ýaryş jedweli:

 Germaniýa –3 utuk;

 Kot-d’Iwar — 3 utuk;

 Ekwador — 0 utuk;

 Kýurasao — 0 utuk;

 2-nji tapgyryň oýunlary (21-nji iýun):

 Germaniýa — Kot-d’Iwar (01:00);

 Ekwador — Kýurasao (05:00).

 F toparçasy

Niderlandlar –Ýaponiýa – 2:2.

Arlingtonda (Dallasyň eteginde) Niderlandlar hasapda iki gezek öňe saýlandy, ýöne ýaponlar iki gezek hem hasaby deňlemegi başardylar. Gollaryň hemmesi ikinji ýarymda geçirildi.

51-nji minutda niderlandlaryň ýygyndysynyň kapitany Wirdžil wan Deýk Raýan Grawenberhiň ýokardan beren pasyny kellesi bilen urup hasaby açdy. 6 minutdan soň Keýto Nakamura jerime meýdançasynyň daşyndan uran zarbasy bilen hasaby deňledi. 64-nji minutda Krisensio Sammerwill, Grawenberhiň nobatdaky pasyndan soň Niderlandlary ýene-de öňe saýlady.

Ýaponiýa ýeňlişden 88-nji minutda gutuldy:

Daiti Kamada burçdan berlen pasdan soň kellesi bilen gol urdy.

Netijede, Ýaponiýanyň geçen ýyl başlanan 6 oýunlyk ýeňişli kerweni togtady. Niderlandlar bolsa DÇ-daky utulmasyz tapgyryny 13 oýna çenli uzaldyp (penalti tapgyrlaryny hasaba alman – geçen çempionatda olar penaltilerde argentinalylardan utulypdylar), Braziliýanyň ýygyndysynyň (1958–1966 ýý.) taryhy rekordyny gaýtaladylar. Niderlandlar iň soňky gezek DÇ-2010-yň finalynda goşmaça wagtda Ispaniýadan utulypdylar. Gyzykly tarapy, häzirki tapgyrda Aziýanyň ýygyndylary ýewropalylardan has gowy çykyş edýärler (gollar boýunça 7:4). Duşuşyklaryň netijeleri: Günorta Koreýa — Çehiýa 2:1, Katar — Şweýsariýa 1:1, Awstraliýa — Türkiýe 2:0, Niderlandlar — Ýaponiýa 2:2.

Şwesiýa — Tunis — 5:1.

Meksikanyň Monterreý şäherinde Şwesiýanyň ýygyndysy Tunisi uly hasap bilen ýeňdi.

Şwedleriň Wiktor Dokereş we Aleksander Isak dagylaryň jübütliginden ybarat bolan gorkunç hüjüm syrgyny bar. Hasaby 7-nji minutda Ýasin Aýýari açdy, 30-njy minutda Isak Dokereşiň pasyndan gol urdy, 59-njy minutda bolsa Dokereş Isagyň pasy bilen tapawutlandy. 84-nji minutda Isak ýene bir gol pasyny berdi, ondan Mattias Swanberg peýdalandy, 90+6-njy minutda bolsa Ýasin Aýýari dubl etdi.

Tunisiň ýeke-täk goluny 43-nji minutda Omar Rekik yzyna gaýtardy.

Şu ýerde Aýýariniň uran gollaryny gaty uly şatlyk bilen baýram etmändigi-de bellemek gerek. Oýundan soň bu hakda soralanda bolsa, ol muny kakasy tarapdan bolan garyndaşlarynyň gelip çykyşynyň Tunisdendigi bilen düşündirdi.

 

1-nji tapgyrdan soň F toparçasynyň ýaryş jedweli:

 Şwesiýa — 3 utuk;

Ýaponiýa — 1 utuk;

 Niderlandlar — 1 utuk;

Tunis — 0 utuk.

 2-nji tapgyryň oýunlary:

 Niderlandlar — Şwesiýa (20-nji iýun, 22:00);

 Tunis — Ýaponiýa (21-nji iýun, 09:00).

 Golaýdaky oýunlaryň tertibi, H toparçasy:

Ispaniýa — Kabo-Werde (15-nji iýun, 21:00);

Saud Arabystany — Urugwaý (16-nji iýun, 03:00);

 G toparçasy:

Belgiýa — Müsür (16-nji iýun, 00:00);

 Eýran — Täze Zelandiýa (16-nji iýun, 06:00).

 


düýn 15:15
10k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

düýn 13:59
8.9k+

DÇ-niň 3-nji gününiň jemleri: brazilleriň şowsuzlygy, türkleriň garaşylmadyk ýeňlişi

San-Fransiskoda (ABŞ) «B» toparçasynyň çäginde Şweýsariýa bilen Kataryň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk garaşylmadyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......