Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, transferiň umumy bahasy 55 million ýewro möçberinde boldy. Şeýle hem, madridliler toparynyň düzüminde oýunçynyň gazanan üstünliklerine baglylykda, London kluby goşmaça 5 million ýewro bonus görnüşinde alyp biler.

Geçen möwsümde Kukurelýa ähli ýaryşlarda 50 duşuşyk geçirip, bir gezek tapawutlandy we dört gezek netijeli pas berdi. Onuň «Çelsi» bilen ozalky şertnamasy 2029-njy ýylyň tomusuna çenli hereket edýärdi.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, goragçynyň bazardaky bahasy 50 million ýewro möçberinde bahalandyrylýar.