Salah möwsümiň ahyrynda «Liwerpuly» terk eder
«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi....
«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi....
Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy...
Londonyň "Tottenhem" futbol kluby horwatiýaly hünärmen Igor Tudoryň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu baradaky habar "şporalaryň" resmi sahypasynda çap edildi. 47 ýaşly hünärmen topary şu möwsümiň ahyryna çenli türgenleşdirer...
Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi...
«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi...
Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär...
Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular...
«Nýukaslyň» wingeri Harwi Barnsyň Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Lidse» garşy oýnunda geçiren goly Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň giçki ýeňiş goly boldy. OptaJoe-niň X sosial ulgamynda habar berşi ýaly, gol duşuşygyň 102-nji minutynda, has takygy, 101:48-de girizildi...
Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady...
«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy...
Italiýaly hünärmen Enso Mareska Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. «Enso klubda işlän döwründe topary Konferensiýa ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda üstünlige getirdi...
“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi...
Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi...
“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi...
Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) futbolçylarynyň umumy bahasy 756,25 mln ýewro ýokarlanyp, 12,78 mlrd ýewro ýetdi diýip, Transfermarkt portaly habar berýär. Iňlis klublarynyň arasynda tomusky transfer penjiresinde iň köp çykdajy eden “Liwerpul” boldy...
Angliýanyň Futbol assosiasiýasy (FA) Londonyň “Çelsi” klubuny 74 düzgün bozmasynda aýyplady. Bu barada FA-nyň metbugat gullugy habar berdi. Assosiasiýanyň maglumatlaryna görä, düzgün bozmalar agentlikleriň, araçylaryň işi we üçünji şahslaryň maýa goýumlary bilen baglanyşykly...
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy. Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi...
Londonyň “Tottenhem” futbol kluby Deniel Lewiniň 25 ýyl bäri eýelän başlyk wezipesinden gidendigini habar berdi. Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlarynyň arasynda iň köp işlän ýolbaşçy boldy. Indi bu wezipäni klubuň esasy paýdary bolan Lýuis maşgalasynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Piter Çarrington eýeledi...
Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...
“Mançester Ýunaýted” ikinji tapgyrda “Grimsbi Taundan” utulandan soň (2:2, penalti boýunça 11:12) Angliýanyň ligasynyň kubogyndan çykdy. Squawka portalynyň habar bermegine görä, bu taryhda klubuň ýaryşda dördünji diwiziondaky garşydaşdan ilkinji gezek utulmagy boldy...
“Liwerpulyň” wingeri Mohamed Salah Angliýanyň Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýraga mynasyp boldy. Müsürli oýunçy bu baýragy üçünji gezek alýar we bu rekorddyr...
“Liwerpul” futbol kluby şu tomus öz taryhynda iň güýçli transfer kampaniýasyny geçirýär. Klub oýunçy satuwyndan 200 mln funt sterlingden gowrak gazandy, ýöne täze oýunçylar üçin çykdajylary 300 mln funt sterlingden geçdi diýip, ESPN ýazýar...
«Mançester Sitiniň» hüjümçi ýarym goragçysy Jek Griliş 2025/26 möwsüminde «Ewertonyň» düzüminde kärendesine çykyş eder. 29 ýaşly futbolçy Liwerpul klubunda bir ýyl oýnar, möwsümiň ahyrynda bolsa «Ewerton» ony 50 million funt sterlinge doly satyn almak mümkinçiligine eýe bolar...
Londonyň “Kristal Pelas” kluby Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda penalti tapgyrynda “Liwerpuly” utdy. Topar öz taryhynda we 2025-nji ýylda ikinji titulyny gazandy. Mundan öň klub finalda “Mançester Sitini” utup, Angliýanyň Kubogyny gazanypdy...
“Mançester Ýunaýted” futbol kluby täze stadionyň gurluşygyna taýýarlyk tapgyrynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, işe başlamak üçin kluba häzirki “Old Trafford” stadionynyň gapdalyndaky ýer bölegini satyn almak gerek...
Londonyň “Tottenhem” futbol klubunyň hem-de Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Son Hyn Min iňlis toparyndan gidýändigini mälim etdi. Klubuň kapitany tomusky transfer döwründe topar bilen hoşlaşar diýip, Sky Sports habar berýär...
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar...
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/26 möwsümi üçin öýde we myhmançylykda ulanyljak eşik toplumyny hödürledi. Ol Adidas bilen hyzmatdaşlyk dikeldilenden soň ilkinji toplum boldy. Klub eşigini “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň äheňinde düşürilen wideoda görkezdi...
Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy...
Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir...
"Mançester Siti" toparyň tehniki hemaýatkäri Puma brendi bilen hyzmatdaşlygyny 2034/35 möwsümine çenli uzaltdy diýip, Manchester Evening News habar berýär. Täze şertnama ýylda 100 million ýewro düşýär diýip, çeşme habar berýär...
Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Londonyň “Kristal Pelas” klubuny onuň eýeçilik gurluşy bilen bagly bähbitleriň ters gelýändigi sebäpli, Ýewropa ligasyndan Konferensiýalar ligasyna düşürdi. Bu karar amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň iňlis toparynda-da, Fransiýanyň “Lion” klubunda-da paýynyň bardygy bilen baglanyşykly kabul edildi...
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär...
“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy...
20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...
Angliýanyň Premýer-ligasy ýaryşyň oýunlary başlamak we dikeltmek bilen bagly düzgünlerini yzygiderli bozandygy üçin “Mançester Siti” klubuna jerime salynýandygyny habar berdi. APL-iň resmi saýtyndaky beýana görä, geçen möwsümde Hosep Gwardiolanyň topary meýdança dokuz gezek gijä galyp çykdy...
Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder...
“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy...
“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi...
Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi. Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy...