“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

  • 21.06.2025 12:22
  • 8.7k+

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy.

Ozal bonuslary göz öňünde tutup, mukdaryň 136,3 mln ýewro boljakdygy habar berildi. 22 ýaşly oýunçy mersisaýdlylar bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy.

“Men örän begenýärin we buýsanýaryn. Ahyrsoňy, bu boldy, men muňa kän garaşdym. Bu boldy we men, hakykatdanam, bagtly. Täze başdangeçirmelere begenýärin. Bolup geçýän wakalar meniň üçin möhüm, sebäbi men düýbünden täze bir zady synap görmek, Bundesligadan gitmek we Premýer-liga goşulmak isledim” – diýip, “Liwerpulyň” resmi saýty Wirsiň sözlerini getirýär.

Ozal Premýer-liganyň iň gymmat gelen oýunçysy argentinaly Enso Fernandesdi, 2023-nji ýylyň ýanwarynda “Çelsi” onuň üçin “Benfika” 121 mln ýewro töledi. Sanawda üçünji orny 2021-nji ýylda “Aston Willadan” “Mançester Sitä” 117,5 mln ýewro geçen Jek Griliş eýeleýär.
Wirs “Baýeriň” ýetişdiren oýunçysy. Ol esasy düzümde 2020-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi we şondan bäri klub üçin 197 oýna gatnaşyp, 57 gol geçirdi we 65 assist etdi. “Baýer” bilen bilelikde 2023/2024 möwsüminde Bundesligany, Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny utdy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......