Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar.
«Täjigistan Respublikasynda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuk ýagdaýy hakynda» kanuna degişli üýtgetmeler parlamentiň ýokarky palatasy bolan Majlisi milliniň altynjy sessiýasynda seredildi we makullandy.
Majlisi milliniň Konstitusiýa esaslaryny, adamyň, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanunylygy üpjün etmek boýunça komitetiniň başlygy Mahmadali Watanzodanyň bellemegine görä, bu üýtgetmeler hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge we daşary ýurtlularyň ýurtda jaý edinmek hukugy bilen bagly meseleleri düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, daşary ýurt raýatlary ýaşaýyş jaýlaryny Täjigistanyň ähli çägi boýunça däl-de, diňe hökümet tarapyndan belleniljek raýonlarda satyn alyp biler. Şol bir wagtyň özünde, şeýle ýerleriň sanawy we onuň tassyklanmaly möhletleri häzirki wagtda neşir edilmedi.
Bu üýtgetmeler girizilmezden ozal, daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk şahslar, adatça, ýaşaýyş jaýlaryndan diňe wagtlaýyn peýdalanyp bilýärdi, ýöne olaryň ýaşaýyş jaýlaryny, binalary we beýleki ýaşaýyş gaznasynyň obýektlerini hususy eýeçilige satyn almaga hukugy ýokdy. Diňe miras galan ýagdaýlarynda ýa-da kanunçylykda hem-de halkara ylalaşyklarynda başgaça göz öňünde tutulan halatlarynda muňa kadadan çykma hökmünde rugsat berilýärdi.
Maslahatlaşmalaryň jemleri boýunça Majlisi milli agzalan kanun boýunça kararyň taslamasyny tassyklady.