Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

  • 25.05.2026 07:37
  • 2k+

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bu baradaky degişli Permana 23-nji maýda gol çekdi. Halkara baýrak lukmançylyk ulgamynda gazanylan uly üstünlikleri ykrar etmek maksady bilen esaslandyryldy.

Perman ýörite Baýrak gaznasynyň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Täjigistanyň Hökümetine bu baýrak we onuň gaznasy baradaky düzgünnamalary işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy.

Abu Aly Hüseýin ibn Abdullah ibn Sina (Günbatarda Awisenna ady bilen has meşhur) — orta asyrlaryň iň beýik ensiklopediýaçy-alymy, filosofy, lukmany, astronomy, matematigi we şahyrydyr. Ol ylmyň 29 ugruny öz içine alýan ägirt uly mirasy galdyrdy. Alym 980-nji ýylda Buharanyň golaýyndaky (häzirki Özbegistan) Afşana obasynda dünýä indi. Ol ýerde bilim alyp, alym hökmünde tanaldy we patyşanyň köşk lukmany bolup hyzmat etdi. 1002-nji ýylda, Samaniler nesilşalygy synandan soň, Ürgenje (häzirki Türkmenistan) göçüp geldi we bu ýerde Horezmşalaryň köşgünde ylmy işlerini dowam etdirdi. Soňra dini yzarlamalardan gaçyp, ömrüniň köp bölegini Jürjan, Reý, Hamadan (bu ýerde hatda wezir wezipesini hem eýeledi) we Yspyhan şäherleriniň arasynda geçirdi. Beýik alym 1037-nji ýylda aradan çykdy we Hamadan şäherinde jaýlandy.


11.06.2026 14:01
7.9k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....