«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

  • 06.06.2026 07:56
  • 2.3k+

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy.

​Bu kampaniýa 18-nji maýdan 29-njy maý aralygynda toparyň 1996-njy ýylda çykan «Load» albomyndaky aýdymynyň adyna bagyşlanyp, «Bleeding Me» şygary astynda geçirildi. Muşdaklar Gyzyl Haç jemgyýetiniň ýörite bellenen ýerlerinde gan tabşyrmaga geldiler we olara ýörite dizaýnly köýnekçeler sowgat berildi.

​Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, ilkinji gezek gan tabşyrýan donorlaryň sany iki esseden hem köp boldy. Gyzyl Haç jemgyýeti munuň ýurtdaky demografik üýtgeşmeler we gan gorlaryna bolan islegiň barha artmagyny göz öňünde tutanyňda, örän möhümdigini belleýär.

​Bu çäre «Metallica» toparynyň we onuň «All Within My Hands» gaznasynyň halkara haýyr-sahawat işleriniň bir bölegine öwrüldi. ABŞ-nda toparyň «Amerikan Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen 2025-nji ýylda başlan hyzmatdaşlygyndan bäri 25 müňden gowrak donorlyk gany ýygnanyldy. Ählumumy başlangyjyň çäginde bolsa jemi 40 müňe golaý gan tabşyrylyş hasaba alyndy we oňa gatnaşanlaryň takmynan 16 göterimi ömründe ilkinji gezek donor boldy.

​Artistler öz konsertlerini gurnaýan sebitleri goldamagy hem-de yzygiderli gan tabşyrmagyň zerurlygyna jemgyýetiň ünsüni çekmegi maksat edinýändiklerini mälim etdiler.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......