Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence France-Presse habar berdi.
Depder 1794-nji ýylda rewolýusiýa wagtynda graf de Giniň öýünden konfiskasiýa edilen we medeniýet edarasynyň diwarlarynda saklanýan ady görkezilmedik golýazmalaryň arasyndan tapyldy. Kompozitoryň bu depderi 1778-nji ýylda Pariže eden iň soňky sapary wagtynda, grafyň gyzy, ýaş arfaçy Mari-Luiza-Filippina de Bonnýer de Gine sapak beren döwründe ýöredendigi öňe sürülýär. Eseriň awtorlygyny gutarnykly anyklamaga kompozitoryň dogduk şäheri Zalsburgda ýerleşýän Mosart kitaphanasynyň hünärmenleri kömek etdi.
BnF-niň gözegçisi Fransua-Pýer Gua tarapyndan berlen maglumata görä, 44 sahypada Mosartyň her gün beren «on ikä golaý sapaklary», şeýle hem «arfa we fleýta üçin ýedi sany pýesasy» ýazylan bolup, olaryň iň soňkusy tamamlanman galypdyr. Bu pýesalaryň Mosart tarapyndan öz okuwçysy bilen bilelikde döredilendigi bellenilýär: ýagny Mosart arfa üçin partiýany ýazyp, soňra okuwçysyndan oňa fleýta partiýasyny ýazmagyny haýyş edipdir, ýa-da tersine hereket edipdirler.
Kitaphananyň müdiri Žil Piku munuň «hünärmenler tarapyndan ykrar edilen möhüm açyşdygyny» aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu depder Mosarta «öz okuwçysy bilen gürleşýän ýaş mugallym» hökmünde seretmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem onda kompozitoryň Pariže bolan iň soňky sapary resmileşdirilip görkezilýär.
21-nji iýunda, Fransiýada Aýdym-saz güni bellenilýän wagty, ozal hiç ýerde neşir edilmedik ýedi sany eser Fransiýanyň Radiosynyň Filarmoniki orkestriniň iki sazandasy tarapyndan Fransiýanyň Milli kitaphanasynda myhmanlaryň öňünde ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Umumy dowamlylygy 20 minuta golaý bolan pýesalar şu hepdede ýazgy edildi we duşenbe güni sagat 15:00-da (Aşgabat wagty bilen 18:00-da) «France Musique» radiosynda ýaýlyma berler. Golýazmanyň asyl nusgasy ýekşenbe güni bolan konsert wagtynda mähellä görkezdiler.
