Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä, gelýän adamlar yzyna gaýtarmak şertini boýun almazdan, öz islän kitaplaryny saýlap alyp bilýärler.
Taslamany döredenler «Nanna» «Pariždäki iň uly kitap gutusy» diýip at berdier. Bu ýeriň ýakyn on ýylyň dowamynda işlemegi göz öňünde tutulýar.
Gelýänlere dünýä we fransuz nusgawy edebiýatyna, dramaturgiýa we poeziýa degişli müňlerçe eserler elýeterlidir. Onda aýratyn hem zenan ýazyjylaryň kitaplaryna uly üns berilýär.
«Nanna» taslamasynyň edebi ýolbaşçysy Ýugo Býuton: «Adamlar bu ýere kitap almaga gelýärler we şonuň bilen iş gutarýar. Olary yzyna getirmek hökman däl, ýok, eger, yzyna gaýtarjak diýseler, okap bolansoňlar kitaplary getiribem bilerler» diýip gürrüň berýär.
Agşamlaryna bolsa gämi köpçülik meýdançasyna öwrülýär. Bu ýerde ýazyjylar bilen duşuşyklar, edebi «spid-deýtingler» (tiz tanyşlyklar) we dižeý çykyşlary gurnalýar.
Taslamanyň esaslandyryjylaryndan biri Nikola Ložero Lasser: «Sena derýasy hemişe suratkeşler we şahyrlar üçin ylham çeşmesi bolup geldi. Şonuň üçin hem bu edebi gämini suwda ýerleşdirmek örän ýerlikli boldy» diýip, ýeriň saýlanyş maksadyny düşündirdi. Onuň sözlerine görä, bu ýerde «şerbet süzüp, kitaplary gözden geçirip we özüňi edebiýata bolan söýgä doly bagyşlap bolar».
Bu taslamanyň açylmagy fransuz kitap neşirýat pudagy üçin möhüm döwürde amala aşyryldy. Fransuz Milli kitap merkezi 2025-nji ýylda ýurtda uzak wagtdan bäri ilkinji gezek täze açylan kitap dükanlardan ýapylanlaryň köpräkdigini (85 ýapylyş we 83 täze nokat) hasaba aldy.

