Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy.
Bu tapyndy Saud Arabystanynyň Medeni mirasy goramak baradaky komissiýasy tarapyndan guralan gazuw-agtaryş we meýdan işleriniň ikinji möwsüminde ýüze çykaryldy.
Mikat el-Juhfanyň ýerleşýän ýeri
Hünärmenler jemi 156 sany täze arheologik obýekti ýüze çykardy, olaryň arasynda aşakdakylar bar:
- 461 sany yslam ýazgysy;
- Tamud däbine degişli 34 sany ýazgy;
- 1259 sany gaýa çekilen surat;
- 11 sany daş desgasy;
- 3 sany taryhy köşk;
- 2 sany kerwen ýoly;
- 4 sany guýy.
Komissiýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu sebitde eýýäm dürli döwürlere degişli bolan 1774 sany arheologik obýekt hasaba alyndy we resmileşdirildi.
Gözlegçileriň aýratyn ünsüni halyfyň ady ýazylan ýazgylar çekdi. Hünärmenler bu tapyndynyň ähmiýetiniň göni biografik maglumatlar bilen däl-de, irki yslam döwrüniň dini we syýasy ýatlamalaryny şöhlelendirýändigi bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
Ýazgyda şeýle diýilýär: «Allatagala Omar ibn al-Hattabyň bu dünýädäki we indiki dünýädäki howandarydyr. Alladan başga hudaý ýokdur». Tekst gadymy hijaz şriftinde (diakritik belgileri we nokatlary bolmadyk irki yslam arap haty) oýulyp ýazylypdyr. Tapylan bu taryhy tapyndy hijriniň birinji asyryna (biziň eramyzyň VII asyry) degişlidir.
Şeýle hem, gury ýerlerde adamlaryň hereket etmeginde we söwdanyň ösmeginde möhüm orun eýelän gadymy kerwen ýollary we guýular tapyldy.
Gözlegçiler Al-Mahd çäginiň söwda ýollarynyň, dini däp-dessurlaryň we dürli jemgyýetleriň çaknyşýan möhüm geçelgesi bolandygy baradaky pikiri öňe sürýär.

