Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy
Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....
Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....
Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....
Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....
Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......
Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......
Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......
Aberdin uniwersitetiniň alymlary Şotlandiýada altyn simden ýasalan seýrek diş protezini tapdylar. Çaklamalara görä, bu protez baryp XVI asyrda ulanylypdyr. Bu tapyndy Aberdindäki Keramatly Nikolaýyň......
Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....
Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......
Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen......
Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....
Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......
Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....
Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......
Gruziýada geçirilen arheologik barlaglar mundan 8000 ýyl ozal ýaşap geçen adamlar tarapyndan ekilen bugdaý yzlaryny ýüze çykardy. Bu tapyndy dünýäde çöreklik bugdaýyň gelip çykyşy baradaky ylmy garaýyşlara......
Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....
Drezdeniň golaýyndaky Wilsdorf sebitinde taryhy 3300 ýyla barabar bolan bürünç şaý-sepler tapyldy. Bu gymmatly tapyndyny Ronald Meissner atly höwesjeň arheolog ýüze çykardy....
Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......
Lýež uniwersitetiniň barlagçysy Natan Karlig biziň eýýamymyzdan öňki V asyra degişli bolan «Fizika» atly filosofiki poemanyň bir bölegini tapyp, onuň kime degişlidigini anyklady. Bu tekstiň awtory gadymy......
Gadymy Müsüriň hatdatlarynyň papiruslardaky ýalňyşlary häzirki zaman kanselýariýa ştrihine meňzeş madda bilen düzedendikleri alymlar tarapyndan subut edildi. Bu barada Kembrijdäki Fiswilliam muzeýiniň hünärmenleri mälim edýärler...
Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýitmän, gyrylman, arkama-arka ýaşap ýörmegine onuň güýji-de däl, akly-da däl, eýsem özgäniň derdine duýgudaşlyk etmek we gatnaşyk gurmak ukyby sebäp bolupdyr. Bu baradaky ýörite barlaglar arkaly gelnen ylmy makala Journal of Archaeological Science žurnalynda çap edildi...
Müsüriň Patyşalar jülgesinde barlagçylar takmynan iki müň ýyl ozal syýahatçylar tarapyndan galdyrylan gadymy diwar ýazgylaryny tapdylar. Hindi dillerindäki bu ýazgylary biziň eýýamymyzyň I–III asyrlaryna degişli diýip hasaplaýarlar...
Käwagt bir ownujak närse tutuş bir döwür baradaky düşünjäni üýtgedip bilýär. Arheologlaryň we inženerleriň arasynda bir asyra golaý wagt bäri çekeleşiklere sebäp bolup gelýän, «Bagdat batareýasy» ady bilen meşhur bolan syrly tapyndy bilen hem hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy...
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär...
Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr...
Alymlar gadymy ýewropalylaryň nahar bişirmek üçin dürli önümleri ulanandygyny anykladylar. Bu barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi. Gadymy medeniýetlerde iýlen iýmit, adatça, küýze gaplaryndaky haýwan ýagynyň galyndylaryny seljermek arkaly öwrenilýär...
Şweýsariýanyň demirgazyk-günbataryndaky Leýmental jülgesinde takmynan 3500 ýyllyk bürünç palta we eşige dakylýan iňňebagjyk tapyldy. Bu tapyndylar yzygiderli arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykaryldy diýip, Die Archäologie Baselland guramasy habar berýär...
Angliýanyň Norfolk graflygynda seýrek duş gelýän altyndan taryhy gymmatlyk tapyldy. Seljerijileriň pikiriçe, bu şaýylar 865-nji ýylda Angliýa çozup giren skandinawlaryň Beýik butparazlar goşunynyň esgerine degişli bolupdyr...
Biologlar mör-möjekleriň DNK-syny seljerip, çybynlaryň adamy çakmak arkaly iýmitlenip başlamagynyň takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýada ýüze çykandygy baradaky netijä geldiler. Çybynlar adam üçin iň wehimli mör-möjekler hasaplanylýar...
Barlagçylar rimlileriň Pireneý daglarynyň ispan böleginden altyn gazyp alandygynyň ilkinji göni subutnamasyny aldylar. Arheologlar gadymy magdan känlerini öwrendiler, ol ýerden çylşyrymly gidrotehniki desgalary we uly suw howdanynyň galyndylaryny tapdylar...
"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...
Suwa çümen «Temasek Wreck» gämisiniň bortunda suwasty barlaglaryň taryhynda Ýuan döwrüniň iň uly seýrek gök-ak farfor toplumy tapyldy. Bu açyş barada Günorta-Gündogar Aziýa barlaglar institutynyň ekspedisiýa ýolbaşçysy doktor Maýkl Flekker habar berdi...
Eýranyň günbatarynda ýaşy takmynan 5000 ýyla deň bolan, 7000-den gowrak möhür yzyndan, žetonlardan we toýun heýkeljiklerden ybarat bolan täsin toplum tapyldy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu gymmatlyklar Kuzaran jülgesindäki Tape-Týaline ýadygärliginde geçirilen barlaglar wagtynda ýüze çykaryldy...
Panamada arheologlar adam süňkleri, altyn şaý-sepler we toýun gap-gaçlar saklanyp galan, müň ýyldan gowrak ýaşy bolan gadymy mazary ýüze çykardylar. Bu täsin açyş Panama-Siti şäherinden takmynan 200 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Nata sebitindäki El-Kano arheologik ýadygärliginde hasaba alyndy...
Alymlar mundan 60 ýyl ozal Awstraliýanyň demirgazyk-günbatar sebitinden tapylan we takmynan 250 million ýyl ozal ýaşap geçen deňiz amfibiýalarynyň galyndylaryny gaýtadan öwrendiler. Bu tapyndylar uzak wagtlap muzeý kolleksiýalarynda saklanyp, öwrenilmän galypdy...
Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir...
Uzak wagtlap Ýaponiýanyň adalarynda gadymy döwürlerde gaplaňlaryň ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy. Emma täze geçirilen DNK barlaglary bu ýyrtyjylaryň aslynda meşhur gowak arslanlarydygyny subut etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň tebigatynda ýolbars ýa-da gaplaň ýok...
Barlagçylar topary gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan Aleksandriýa (Faros) maýagynyň üç ölçegli sanly modelini döretmäge başladylar. Beýikligi 120 metre ýetip, Aleksandriýa limanynda ýerleşen bu maýak diňe Gizadaky Heops piramidasyndan (146,6 m) pes bolupdyr...
Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy...