Beýik Britaniýada 241 million ýyl ozal ýaşap geçen hažžyklaryň gadymy garyndaşy tapyldy

  • 14.09.2025 23:22
  • 5.2k+

Beýik britaniýaly alymlar, takmynan, 241 million ýyl ozal Angliýanyň günorta-günbataryndaky kenarda ýaşap geçen gadymy süýrenijileriň galyndylaryny tapdylar. Nätekiz dişli kiçijik jandar lepidozawr toparyna - häzirki zaman hažžyklarynyň, ýylanlaryň we adaty bolmadyk Täze Zelandiýa gatteriýalarynyň ata-babalaryna degişlidir. Bu görnüşe Agriodontosaurus helsbypetrae diýilýär. Bu açyş Nature žurnalynda beýan edildi.

Port galyndylar lepidozawrlaryň iň gadymy subutnamasy bolup, toparyň irki ewolýusiýasy barada möhüm düşünje berýär.
Agriodontozawrlar Trias döwrüniň ortalarynda ölen bolsa gerek. Onuň galyndylary paleontolog Robert Koram tarapyndan 2015-nji ýylda Sidmut şäheriniň golaýyndaky kenar ýakasyndaky gaýadan tapyldy. Kelleçanagy we oňurgasy haýwanyň juda kiçidigini - uzynlygy 10 santimetrdigini görkezýär. Ol eliň aýasyna sygardy.
Agriodontozawr tapylmazdan ozal, iň gadymy lepidozawr Germaniýadan tapylan Wirtembergiýa bolupdy. Täze nusga 3-7 million ýyl köne we 241-244 million ýyl ozal ýaşap geçipdir. Süýrenijileriň tapawutly aýratynlyklary irki lepidozawrlaryň orta triasa çenli eýýäm ep-esli özgerendigini görkezýär.
Käbir paleontologlar toparyň iň gadymy wekili hökmünde tapylan galyndynyň  ýagdaýy barada henizem jedel edýärler.


04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 00:14
3.8k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......