Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

  • 28.04.2026 17:11
  • 5.3k+

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy başardy.

«Force of Nature» («Tebigat güýji») diýlip atlandyrylýan bu baýk 1/8 mili (201 metr) bary-ýogy 3,258 sekuntda geçip, 338 km/sag tizlige ýetdi. Bu bugly motosikller üçin dünýäniň absolýut rekordydyr. Şeýle-de motosikl 1/4 mil (402 metr) 5,503 sekuntda tamamlap, 311 km/sag tizlik görkezdi. Bu görkeziji boýunça ol dünýäde diňe reaktiw motosikllerden yza galýar.

Bu ýerde adaty porşenli bug hereketlendirijisi ýok. Onuň iş maksady has ýönekeý we güýçli. Motosikliň bakynda 120 litr arassalanan suw bar. Ýaryşdan öň suw 260 °C gyzgynlyga çenli gyzdyrylýar we 50 atmosfera basyş astynda saklanýar.

Sürüji düwmä basan wagty, gyzgyn suw ýörite deşikden uly güýç bilen atylyp çykýar we şol pursatda buga öwrülip, reaktiw güýç döredýär.

Bu ulgamda «gaz bermek» diýen zat ýok, bug ýa çykýar, ýa-da çykmaýar. Motosikl başdan-aýak doly güýjünde hereket edýär.

Grem Saýks bu taslamanyň üstünde 6 ýyl töweregi işledi. Onuň indi esasy maksady – 400 metrlik aralygy 5 sekuntdan hem az wagtda geçmek.

Şeýle-de inžener bu tehnologiýanyň örän howpludygyny we adaty ýollar üçin niýetlenmändigini aýratyn belleýär. Bu gönüden-göni ýöriteleşdirilen ýaryşlar üçin niýetlenen «tekerli raketadyr».


03.06.2026 00:14
3.7k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

02.06.2026 23:06
3.8k+

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

09.05.2026 18:35
5.7k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....