Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

  • 09.05.2026 18:35
  • 5.7k+

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr uzaklykda gurnaldy. Taslama «China Three Gorges Corporation» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Deňiz düýbüne berkidilýän adaty ýel generatorlaryndan tapawutlylykda, täze turbina ýarym çümýän ýüzýän platformanyň üstünde oturdyldy. Bu usul ýel energetikasyny deňziň çuň suwlarynda ulanmaga mümkinçilik berýär. Adatça, beýle ýerlerde ýel has güýçli we durnukly bolýar, stasionar sütünleri gurmak bolsa mümkin däl ýa-da örän kyn.

Turbinanyň periň ujuna çenli beýikligi 270 metrden geçýär, rotorynyň diametri bolsa, takmynan, 252 metre deň. Onuň aýlanýan meýdanynyň ululygy ýedi sany futbol meýdançasy bilen deňeşdirilip bilner. Uzynlygy 80,8 metr, ini 91 metr bolan platformanyň agramy, takmynan, 24 100 tonna bolup, ol poliefir süýümli tanaplar we labyr zynjyrlary bilen bilelikde dokuz sany ýörite labyr arkaly ýerinde saklanýar.

Inženerleriň aýtmagyna görä, bu taslamada Hytaýda ilkinji gezek birnäçe täze tehniki çözgütler ulanyldy: dinamiki monitoring ulgamy, işjeň ballast ulgamy, täze şwartowka ulgamy we 66 kWt-lyk kabeller.

Tieşan portunda dolulygyna gurnalandan soň, turbina Sýunszhou bogazy arkaly oturdylmaly ýerine tirkelip getirildi. Işe girizilenden soň, onuň ýylda, takmynan, 44,65 million kWt/sag elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu mukdar 24 müň töweregi hojalygyň energiýa üpjünçiligi üçin ýeterlikdir.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....