Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

  • şu gün 10:34
  • 510

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady.

Bu taslama Şwesiýanyň soňky 40 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek atom energobloklarynyň gurluşygyna gaýtadan dolanmagynyň bir bölegi bolar.

Ahyrky saýlaw tapgyrynda britan kompaniýasy GE Vernova amerikan kompaniýasyndan üstün çykdy. Şertnamanyň bahasy birnäçe milliard funt sterling möçberinde bahalandyrylýar.

Hersiniň kuwwaty 470 MWt bolan üç reaktory ýurduň günorta-günbataryndaky häzirki hereket edýän Ringhals AES-iniň meýdançasynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Vattenfall kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, olar ýylda, takmynan, 12 TWt·sag elektrik energiýasyny öndürip biler, bu bolsa Şwesiýanyň ýyllyk elektroenergiýa sarp edilişiniň, takmynan, 6%-ine deňdir.

Energetika ministri Ebba Buş bu taslamanyň atom generasiýasyny ösdürmäge we elektrik energiýasynyň nyrhlaryny peseltmäge ýardam etmelidigini mälim etdi. Birinji reaktor ygtyýarnama we zerur rugsatnamalar doly alnandan soň, 2030-njy ýyllaryň ortalarynda işe girizilip bilner.


13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....