Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir.
Suratyň her bir pikseli tunnel mikroskopynyň kömegi bilen ýerleşdirilen aýratyn kümüş atomydyr. Tutuş QR-koduň ölçegi 50-ä 50 nanometre deňdir, bu bolsa, takmynan, COVID-19 wirusynyň ölçegi ýalydyr.
Alymlar bu obýekti döretmek üçin aşa ýokary wakuum şertlerini we kriogen temperaturalary ulandy. Atomlar aşa inçe zonduň kömegi bilen ýerleşdirildi, QR-koduň doly skanirlenmegini üpjün etmek üçin bolsa gurluşa goşmaça sazlamalar girizildi.
Mundan ozalky rekord şu ýylyň fewral aýynda Wenanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlary we Cerabyte kompaniýasy tarapyndan goýlupdy. Täze taslamanyň awtorlary eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna arza tabşyrdy, ýöne ony gözden geçirmek işi entek tamamlanmady.
Cerabyte kompaniýasynyň wekilleri öz tehnologiýalarynyň suratyň durnuklylygy we uzak ömürliligi babatda artykmaçlyklaryny saklap galýandygyny belleýär, sebäbi ol maglumatlary saklamak üçin wakuumy we aşa pes temperaturalary talap etmeýär.