Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar.
Fermadaky et önümleri haýwanlaryň dokuma nusgalarynyň esasynda, ýörite bioreaktorlaryň içinde ösdürilip ýetişdirilýär. Rezerwuarlarda zerur bolan kesgitli şertler — degişli temperatura, iýmitlendiriji maddalar we kislorod doly üpjün edilýär. Häzirki wagtda bu gurluş entek diňe synag tapgyrynda işleýär.
Ýurduň Günorta Gollandiýa welaýaty bu taslamany ösdürmek üçin 500 müň ýewro möçberinde maýa goýar. Ýöne şeýle usulda ýetişdirilen etleri Ýewropa Bileleşiginiň çäginde satmaga häzirki wagtda rugsadyň ýokdugyny bellemek gerek. Fermerleriň aýtmagyna görä, barlaghanada ýetişdirilýän emeli et önümçiligi adaty maldarçylygyň ornuny tutman, eýsem goşmaça bir iş ugry bolar.
Häzirki wagtda hünärmenler bu täze ulgamyň önümçilik çykdajylaryny we möçberlerini bilmek üçin synag işlerini dowam etdirýär. Doly güýjünde işlejek et ýetişdirýän fermany bolsa 2028-nji ýyla çenli işe girizmek meýilleşdirilýär.