Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

  • 07.06.2026 20:00
  • 2k+

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler.

Adaty atom sagatlaryndan tapawutlylykda, täze ulgamyň işlemegi üçin lazer arkaly dolandyryş talap edilmeýär we ol diňe içki düzgünlere esaslanýar.

​Bu gurluşyň özeninde biri gozganmaýan, beýlekisi yrgyldamga ukyply iki sany aýna rezonator durýar. Olaryň arasynda bolsa üç sany energetiki derejesi bolan atom ýerleşýär. Mikroskopik temperatura üýtgemeleriniň täsiri astynda atom bu hereketleriň arasynda geçiş edýär we şugla goýberýär. Şugla aýnalaryň arasynda yzyna şöhlelenip, gozganýan aýnanyň yrgyldamagyny üpjün edýär we kwant derejesindäki adaty çarh wezipesini ýerine ýetirýär. Atomyň özi bolsa sagadyň yzygiderli jykgyldysyny üpjün edýän goýberiji mehanizmi bolup hyzmat edýär.

​Matematiki seljermeler ulgamyň dogry sazlanan ýagdaýynda, edil hakyky çarh ýaly durnukly we ygtybarly yrgyldylary kwant derejesinde döretmäge ukyplydygyny görkezdi.

​Barlagçylar täze modeliň öň awtonom kwant sagatlarynyň takyklygyny çäklendirip gelen, termodinamiki näbellilik gatnaşygy diýlip atlandyrylýan bökdençligi ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Hasaplamalara görä, şeýle ulgamyň takyklygy onuň yzyna öwrülmezligi bilen gönümel baglydyr. Bu häsiýet bolsa wagtyň ygtybarly ölçenilmeginiň esasy şerti hasaplanylýar.

​Häzirki wagtda zerur bolan şaýlaryň köpüsi döwrebap barlaghanalarda eýýäm ulanylýar. Şol bir wagtda, kiçijik kwant goýberiji mehanizmini döretmek entegem kyn, ýöne tehniki taýdan ýerine ýetirip boljak amaldyr.

​Fizikleriň pikiriçe, şeýle sagatlar wagtyň düýp tebigatyny öwrenmäge we kwant fizikasy bile dartyş teoriýasynyň çatrygyndaky hadysalary barlamaga uly kömek edip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....