Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

  • düýn 23:37
  • 1.6k+

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri «Geology» žurnalynda neşir edildi.

Krater Awstraliýanyň demirgazyk-günbatar bölegindäki Pilbara sebitinde ýerleşýär. Ol 2025-nji ýylda ýüze çykarylypdy. Bu obýektiň diametri 40 kilometrden 45 kilometre ýetýär. Ol arheý erasynyň başynda diametri birnäçe ýüz metr bolan iri asteroidiň gaçmagy netijesinde emele gelipdir.

Mundan ozal krateriň ýaşy jedelli mesele bolup galypdy. Käbir çaklamalar onuň ýaşyny 3,47 milliard ýyl diýip görkezse, başga bir baha bermeler 2,3–2,4 milliard ýyl aralygyny görkezýärdi.

Geçirilen barlagyň barşynda alymlar krateriň çäginde tapylan sirkon kristallaryny öwrendi. Seljermeler minerallaryň bir böleginiň asteroidiň zarbasy zerarly dörän gaty güýçli gyzgynlygyň täsirine düşendigini görkezdi. Bu emele gelmeleriň ýaşy, takmynan, 3 milliard ýyla deň boldy.

Alnan maglumatlar gyzgyn suwuklyklaryň zeper ýeten dag jynslarynyň üsti bilen hereket etmegi netijesinde emele gelen mineralyň – apatitiň seljermesi arkaly tassyklandy. Bu görkezijiler hem krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyldygyny görkezdi.


düýn 23:53
1.6k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......